Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 291 geleşik baglaşylyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 207 müň dollaryndan geçdi.
Ýerli işewürler tarapyndan milli manat serişdelerine nebit önümlerinden Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi bolan nebit koksunyň galyndylary we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan ýokary berklikdäki polietilen hem polipropilen satyn alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň iş toparlary pagta ýüplügini, float aýna listlerini we portlandsementi satyn aldylar.
Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň telekeçilerine milli manat serişdelerine pagta ýüplügi ýerlenildi.