6-njy noýabrda Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 11-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga TDG-a gatnaşyjy döwletleriň we synçy ýurtlaryň baştutanlary, şeýle hem bu halkara guramanyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Mejlise ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi N.Gölliýew gatnaşdy.
Gün tertibine laýyklykda TDG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalar boldy.Ykdysadyýet, ulag, energetika we medeniýet ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. TDG-nyň ýurtlarynyň durnukly ösüşini, şol sanda maliýe we maýa goýum gatnaşyklarynyň giňelmegini üpjün etmek üçin bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Sanly ykdysadyýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk duşuşygyň möhüm mowzuklarynyň biri boldy. Bu babatda logistika pudagyny ösdürmek, ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny berkitmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny kämilleşdirmek ýaly ugurlara üns çekildi.
Şeýle-de mejlisiň barşynda sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagy nazara almak bilen, wajyp halkara we sebit meseleleri barada pikir alyşmalar boldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Gurama gatnaşyjy ýurtlarynyň wekilleri birnäçe resminamalary kabul etdiler.
Wengriýanyň Premýer-ministri W.Orban türki dünýäsiniň jebisligini pugtalandyrmaga goşan aýratyn goşandy üçin «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglandy.
TDG-a başlyklyk etmek Gyrgyz Respublikasyna geçirildi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»