Habarlaşmak
03.01.2025
Soňky ýyllarda Türkmenistan 15 mlrd dollardan gowrak daşary ýurt maýasyny çekdi
11.09.2021
Soňky ýyllarda Türkmenistan 15 mlrd dollardan gowrak daşary ýurt maýasyny çekdi

Soňky ýyllarda daşary ýurtly guramalar bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ykdysadyýetine 15 mlrd amerikan dollary möçberinde daşary ýurt maýalary çekildi. Bu barada Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow türkmen metbugatyna beren interwýusynda belledi.

Onuň bellemegine görä, maýalaryň 52%-i Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmäge,  18%-i – himiýa senagatyna, 10%-i – ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyna, 11%-i – oba hojalygyna, 9%-i – energetika ugrukdyryldy.

Daşary ýurt maýalarynyň esasy bölegi — 47,4%-i Ýaponiýa, 19%-i – Koreýa Respublikasyna, 11%-i – Saud Arabystanyna, 6,3%-i – Germaniýa, 5%-i – ABŞ, we galan 11,3%-i – beýleki döwletlere degişlidir.

Şeýlelikde daşary ýurt serişdeleriniň 80%-i ýurtda senagaty ösdürmäge gönükdirildi, bu bolsa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaklygy tizleşdirmäge, ýurduň ägirt uly çig maýl binýadyny durmuşa geçirmäge we müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi.

R.Jepbarowyň bellemegine görä, bu günki gün Türkmenistanyň daşary maliýe borçnamalarynyň möçberi JIÖ-niň 11%-ine deň, bu bolsa dünýä tejribesinde kadaly gatnaşyga barabardyr.
 

Şeýle hem