Habarlaşmak
13.07.2025
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistanyň we ŞHG-niň strategik ugurlar boýunça bähbitleri gabat gelýär
27.11.2021
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistanyň we ŞHG-niň strategik ugurlar boýunça bähbitleri gabat gelýär

Türkmenistanyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ugurlar boýunça bähbitleriniň gabat gelýändigi bellärliklidir diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Olary iş ýüzünde amala aşyrmak, hyzmatdaşlyk boýunça geljegi uly bilelikdäki halkara taslamalara çykmak arkaly, olary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmak möhümdir.

Biz energetika we ulag ulgamlarynda, söwdada hem-de maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, wise-premýer belledi.

Ulag ulgamynda ösüşiň kuwwatynyň hem-de Türkmenistanda döredilýän utgaşykly ulag-logistika ulgamynyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça esasy ýollaryň birleşdirilmegine gönükdirilendigi aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti bu ugurlarda anyk taslamalary işläp taýýarlamak maksady bilen, işewür toparlaryň gatnaşyklarynyň giňeldilmegini mundan beýläk-de goldar.

Ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlary bilen özara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň umumy taryhy, medeni hem-de ruhy ýakynlyklary medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Pandemiýa garşy göreşmekde döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň, raýdaşlygyň, özara kömegiň we goldawyň talap edilýän häzirki şertlerinde munuň özi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Çykyşynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjylara, onuň agzalaryna we synçylaryna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýetirdi.

Şeýle hem