Habarlaşmak
17.12.2024
Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
20.07.2023
Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.

«Ritz-Carlton» kaşaň myhmanhanasy «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» görnüşindäki şu gezekki sammitiň geçirilýän ýeri boldy. Onda halkara ähmiýetli iri çäreleri, duşuşyklary hem-de forumlary guramak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud mähirli mübärekleýär. Soňra döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy bilen ýadygärlik surata düşýär.

Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.

Wekiliýetleriň Baştutanlarynyň gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, sammit geçirildi. Onuň gün tertibine özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, şeýle hem sammiti ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen oňaýly şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutany Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda hem maslahatyň üstünlikli guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlar ýüze çykýar. Şonuň üçin bar bolan ählumumy wehimler we howplar döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmegi hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Syýasy meseleler bilen bir hatarda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem örän ähmiýetli wezipeleriň hatarynda durýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag, energetika, maýa goýumlar we söwda pudaklaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi. Bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýarys. Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, energetika pudagyna hem giň orun berilýändigini, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, özara söwda dolanyşygynyň möçberini yzygiderli artdyrmak zerur bolup durýar. Döwlet Baştutany bu maksatlary amala aşyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmek teklip edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgamyň hem uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, Türkmenistan medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny — Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip edýär. Häzirki günde ählumumy ösüşiň gün tertibinde duran möhüm meseleleriň biri-de ekologiýa ulgamydyr. Döwlet Baştutany Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek we lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutany bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny geçirmegiň bu ugurdaky ilkinji ädimleriň biri boljakdygyny belledi. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmalydyr. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge we oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Baştutanlarynyň şu günki möhüm we ýokary derejeli maslahatyny guraýan Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary jenap Jasem Mohamed Al Budaiwä we ähli wekillere minnetdarlyk bildirdi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowa doly derejeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilen çuň many-mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirdi.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Şol gün iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini nygtadylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda sammite gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, Gahryman Arkadaga mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlaryň köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan şu gezekki sammitiň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň şu gün öňe süren hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan makullamak bilen kabul edilen anyk teklipleri bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Türkmenistana ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde, Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili Prezident Serdar Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli geçmegi we sammite gatnaşmagy bilen mähirli gutlady. Şunda Merkezi Aziýa sebiti bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmenistanyň saldamly goşant goşýandygy, munuň bolsa bu hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam berýändigi bellenildi.

Şeýlelikde, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» görnüşindäki sammite gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine, parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, sebitleýin we halkara gatnaşyklara öňdengörüjilikli, jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň beýan eden başlangyçlary döwletara we sebitara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna uzak möhletleýin häsiýeti we durnuklylygy bermäge gönükdirilendir. Munuň özi häzirki döwrüň talaby bolup, ählumumy rowaçlygyň, abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär.

Şeýle hem