Habarlaşmak
19.09.2024
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
11.09.2024
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň möçberli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Ýurdumyzda guralýan iri halkara maslahatyna türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Soňra ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasy bolan halkara maýa goýum forumyna we bu ugur boýunça geçirilýän maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Soňra giň möçberli forum plenar mejlisi görnüşinde dowam etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem