«Malaý» käninde buraw işleriniň netijesinde tebigy gazyň gündelik debiti 400 müň kub metre barabar bolan senagat akymy alyndy. Buraw işleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.
Köp ýyllaryň dowamynda bu känden tebigy gaz netijeli çykarylýar, şeýle hem Türkmenistan – Hytaý döwletara gaz geçirijisine tebigy gaz ibermeleri üpjün edilýär.
Sarp edijilere gazy bökdençsiz ibermekligi üpjün etmek üçin müdirlik käniň serişde binýadyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Täze öndürijilikli guýy «mawy ýangyjyň» eksport ibermeleriniň artdyrylmagyna ýardam eder.
Ýakynda «Malaý» käninden uzakda bolmadyk «Agarguýy» meýdançasynda müdirlik tarapyndan ulanyşy dowam etdirmek üçin iki sany kabul edildi. Şular ýaly guýularyň birini burawlamak işine şu günlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawçylary girişdiler.
Şu ýylyň geçen alty aýynda müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiliginiň ösüşi 142%-e barabar boldy. Hususan-da, 6 milliard 134 million kub metr «mawy ýangyç», şeýle hem 24,2 müň tonna gaz kondensaty öndürildi. Şeýlelikde birinji ýarym ýyl üçin göz öňünde tutulan önümçilik meýilnamasy ýerine ýetirildi.