Habarlaşmak
01.11.2025
Litwa Türkmenistan bilen ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýar
31.10.2025
Litwa Türkmenistan bilen ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýar

Litwa Respublikasyna amaala aşyran saparyň çäklerinde 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow litwaly kärdeşi Widmant Werbiskas bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm orun eýeleýän ýokary derejeli özara saparlary we duşuşyklary guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Parlamentara dialogy ösdürilmeginiň zerurlygyny hem nygtaldy. Şunuň bien baglylykda, Türkmen-litwa parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygyny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky ulag arabaglanyşygy meselelerine garaldy. Bu ugurda litwa tarapynyň Türkmenistan bilen ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bildirildi.

Diplomatlar bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilmegiň ähmiýetini hem nygtadylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem