Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Hytaýa 10 mlrd 250 mln dollarlyk tebigy gaz eksport etdi, bu geçen öňki ýylyň degişli döwründen 51% artykdyr. Bu barada TASS habarlar agentligi HHR-iň Baş gümrük gullugyna salgylanyp habar berdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny eksport edijileriň arasynda lider bolmagynda galýar. Ikinji ýerde Russiýa (1,65 mlrd dollar) ýerleşýär, onuň görkezijisi öňki ýyldakydan 2,9 esse artykdyr.
Tebigy gazy iberiji beýleki liderleriň hatarynda Mýanma (1,43 mlrd dollar), Gazagystan (1,08 mlrd dollar) we Özbegistan (1,07 mlrd dollar) bar.
Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça eksport edýär. 2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak hakynda ylalaşyk gazanyldy. Onuň işe girizilmegi Türkmenistany Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.