Habarlaşmak
04.07.2025
Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
08.10.2021
Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitap mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna halkymyza baýramçylyk sowgady boldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň guramaçylygyndaky bu çärede toplumyň ýolbaşçylary we hünärmenleri çykyş etdi. Olarda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda beýan edilýän möhüm ugurlar barada pikir ýöredip, giňişleýin durup geçdiler. Bu ýere ýygnananlar döwletiň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen yhlasly işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynda ata Watanymyza hem-de mähriban halkymyza bolan egsilmez söýgüsini özüniň eserlerinde çuň many-mazmun bilen açyp görkezýän hormatly Prezidentimize geljekde hem döredijilik äleminde üstünlik arzuw edildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň belent owazda ýerine ýetiren aýdym-sazlary bolsa dabaranyň has-da ýokary ruhubelentlikde şatlyk-şagalaňa beslenip geçmegini şertlendirdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine bagyşlan ajaýyp döredijilik sowgady üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
 

Şeýle hem