Habarlaşmak
10.10.2024
Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi
09.10.2024
Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisindäki çykyşynda ähmiýetli teklipleri öňe sürdi.

Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi. Şeýle işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem