Habarlaşmak
10.07.2025
Hökümetara Türkmen-rus toparynyň başlyklary Moskwada geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar
16.11.2022
Hökümetara Türkmen-rus toparynyň başlyklary Moskwada geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda topara bilelikde başlyklyk edijiler maliýe we bank ulgamynda, nebit, ulag we elektroenergetika pudaklarynda, şeýle hem bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we salgyt dolandyryş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, şu ýylyň 6-7-nji dekabrynda Moskwada geçiriljek Bilelikdäki Toparyň 12-nji mejlisine taýýarlyk görmek meseleleriniň çäklerinde onuň dowamynda dürli ugurlarda ondan gowrak gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra duşuşyk, Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda ýokarda agzalan ugurlar boýunça içgin maslahatlaşylmak maksady bilen, giňişleýin görnüşde dowam etdi.

Şeýle hem