7-nji fewralda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy bilen Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahat geçirildi.
Geçirilen ylmy çärä Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynyň häkimi Murat Sefu Demirýürek, Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory, professor Mustafa Kazim Karahojagil, Türkiýäniň jemgyýetçilik-syýasy edaralarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň amaly beýanyna öwrülendigini bellediler.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ahi Ewran uniwersitetiniň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň türk dilinde neşir edilen kitaplary sowgat berildi.
***
Şol gün Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surat sergisi hem açyldy.
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň we Ahi Ewran uniwersitetiniň bilelikde gurnan sergisiniň açylyş dabarasyna Türkiýäniň tanymal medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň we habar beriş serişdeleriň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda oýlanşykly we üstünlikli amala aşyrylýan şäher gurluşyk syýasatyny, şeýle-de bu syýasatyň adamlaryň durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini şöhlelendirýän fotosuratlar serginiň myhmanlarynda aýratyn täsir galdyrdy.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»