2028-nji ýyla çenli döwlet Türkmenistanyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin 278 mlrd dollardan gowrak maýa goýar. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda belledi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek üçin 278 milliard 900 müň amerikan dollary möçberinde maýa goýumlar gönükdirilýär» - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Lider maýa goýmagyň esasy maksatlaryny kesgitledi, olaryň hatarynda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, howpsuz ýaşaýşyny goramak; ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak bar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini, örän amatly şertlerde ýerleşendigini göz öňünde tutup, onuň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryny doly möçberde ulanmak; telekeçiligi goldamak, hususy eýeçiligiň hukuklaryny we kepilliklerini ynamly goramagyň ulgamyny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek ýaly işler milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de bu işlere ähmiýet bermek arkaly halk hojalygyny ösdürmekde hususy pudagyň paýynyň artmagy üçin ähli şertleri döretmek; ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek bolup durýar.
«Ine, hormatly adamlar, şular biziň umumylaşdyrylan baş maksatlarymyz bolmalydyr. Bu maksatlar halkymyzyň, her bir raýatymyzyň bähbitlerine we geljegine diňe oňaýly şertleri döreder!» diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.