Habarlaşmak
04.07.2025
Geofizikleriň gazanýan üstünlikleri — innowasiýalary ornaşdyrmagyň netijesi
10.09.2021
Geofizikleriň gazanýan üstünlikleri — innowasiýalary ornaşdyrmagyň netijesi

Şu ýylyň ýedi aýynyň jemi boýunça «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirligi boýunça ýerine ýetirilen işlerden 44 mln manat özleşdirildi. Bu görkeziji bellenilen döwür üçin göz öňünde tutulan görkezijiden 5,3 mln manat ýokarydyr.

Ýokary öndürijilik sepgitlerine ýetilmegi müdirligiň durnukly hem-de yzygiderli tehnologik ösüşi mynasybetli mümkin boldy. Bu günki gün hünärmenler Türkmenistanyň günbatarynda känleri gözlemek, barlamak we özleşdirmek boýunça maksada okgunly işleri  alyp barýarlar.

Soňky birnäçe ýylyň içinde müdirlikde innowasion tehnologiýalar, ýörite geofiziki enjamlar ornaşdyryldy. Bu bolsa bellenilen görkezijileri bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmäge, netijede bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebitgaz toplumyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.
 

Şeýle hem