Habarlaşmak
12.07.2025
Geçen hepdäniň söwda netijeleri
14.07.2021
Geçen hepdäniň söwda netijeleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda 24 geleşik hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 898 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna nebitgaz we nebithimiýa ulgamynyň önümleri satyn alyndy. Owganystanyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň iş toparlary Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini, polietileni, gaz beton bloklaryny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçiligine degişli suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna we milli manada daşary döwletleriň telekeçilerine pagta süýümi ýerlenildi.

 

Şeýle hem