Habarlaşmak
08.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammitde çykyş etdi
08.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammitde çykyş etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Waşington şäherine iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Prezidentleri hem gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykykşynda, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi we bu formatyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn netijelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz agzalan formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem