«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň «Çärjewetrapgaz» hojalyk guramasynyň gazçylary Çärjew etrabynyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleriň depginini artdyrýarlar. Bu günki gün turba geçirijiler arkaly «mawy ýangyç» 22,2 müňden gowrak ýaşaýyş jaýlaryna iberilýär.
Häzirki wagtda etrabyň çäklerinde gazçylar uzynlygy 950 km bolan dürli diametrli gaz geçirijilerine, şeýle hem 430-dan gowrak gaz sazlaýjylara we 41 sany gaz paýlaýjy desgalara ýokary hilli ideg edýärler. Işler ýerine ýetirilende ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilýär.
Şu ýylyň geçen döwründe etrabyň çäginde uzynlygy 2 km bolan gaz geçirijiniň düýpli abatlaýyş işleri geçirildi, netijede onuň öndürijiligi düýpli ýokarlandy. Mundan başga, 12 sany ýaşaýyş desgalara tebigy gaz ýetir