Habarlaşmak
19.09.2025
Buharestde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesiniň hem-de onuň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýeti bellendi
19.09.2025
Buharestde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesiniň hem-de onuň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýeti bellendi

Rumyniýanyň Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi.

Çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyna, ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň ýurdumyz tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Maslahatda giriş sözi bilen uniwersitetiň rektory, professor Mihneýa Kostoiu çykyş edip, Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesiniň hem-de onuň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýetini belläp geçdi. Esasy çykyş bilen Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew ýüzlenip, bitaraplygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesidigini hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek tassyk edilendigini nygtady.

Türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda Hazar deňzi – Gara deňiz ulag geçelgesi taslamasyna, şeýle hem energetika, sanly tehnologiýalar we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Maslahat milli mirasymyzyň baýlygyny myhmanlaryň has ýakyndan tanamagyna mümkinçilik döreden sergi we milli tagamlaryň hödürlenmegi bilen jemlendi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem