Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar.
Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynyň dowamynda ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň ählumumy we sebit meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlarynyň ilerledilmegine mundan beýläk hem goşant goşmak üçin garaýyşlary öňe sürer.
Parahatçylyk we howpsuzlyk
BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly 79/274 belgili Kararnamasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, şeýle hem Türkmenistanda BMG-niň howandarlygynda Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýär. Munuň özi parahatçylykly gepleşikler hem-de gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak üçin bitarap döwletleriň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga ýardam berer.
Türkmenistan ozal 2020-nji ýylda kabul edilen Kararnama esaslanyp, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy» atly Kararnamanyň taslamasyna garamak başlangyjyny öňe sürer.
BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi (TGGBM) bilen geçirilen geňeşmelere esaslanyp, Türkmenistan Aşgabatda terrorçylygy öňünden duýdurmak boýunça TGGBM-niň hemişelik maksatnamalaýyn edarasyny esaslandyrmak başlangyjyny öňe sürer. Bu edara Merkezi Aziýada öňünden habarly ediş torunyň tejribesine daýanyp, ählumumy derejede iş alyp barar.
Durnukly ösüş, ulag we energetika
Türkmenistan BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny (2026 — 2035-nji ýyllar üçin) yglan etmek başlangyjyny öňe sürmek bilen, onuň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlär.
Türkmenistan 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen 78/149 belgili Kararnamany amala aşyrmagyň çäklerinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ikinji komitetiniň garamagyna hödürlär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe zyýan ýetirmek üçin peýdalanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder.
Ekologiýa, howa we suw serişdeleri
Türkmenistan Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin merkezi döretmek başlangyjy bilen çykyş eder.
Biziň ýurdumyz Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin Konwensiýalaryň işlenip taýýarlanylmagyny we kabul edilmegini ilerleder.
Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan eden Hazar ekologik başlangyjyny öňe sürer. Ol Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak babatda halkara meýdança öwrüler. 2026-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän ikinji Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar.
Türkmenistan ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça işleri dowam etdirer.
Ynsanperwer hyzmatdaşlyk
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürer. Bu format dünýä gurluşynda we sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.
Biziň ýurdumyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ählumumy gün tertibiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyny geçirmegi teklip eder.
Biziň ýurdumyz Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky başlangyjy BMG-niň garamagyna hödürlär. Bu başlangyç dil we medeni köpdürlülige hormat goýmak arkaly halklaryň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň hem-de dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdiriler.
Türkmenistan Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjyny öňe sürer. Bu merkez diplomatiýa, parahatçylyk gurujylyk hem-de dürli milletleriň arasynda düşünişmek medeniýetini ilerletmek ulgamynda ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyny ugur edinýän halkara bilim we dialog meýdançasyna öwrüler.
Halkara hukuk we BMG bilen hyzmatdaşlyk
Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi beýan eder.
Biziň ýurdumyz BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2031-2032-nji ýyllarda hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere Türkmenistanyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işlerini dowam etmek bilen, işjeň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklar.
Türkmenistan Merkezi Aziýada Ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda şertnamanyň depozitarisi hem-de ýadro ýaragsyzlanmagy boýunça esasy şertnamalara gatnaşyjy hökmünde ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirer. Biziň ýurdumyz Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk boýunça şertnamanyň Hereketine garamak boýunça maslahata we beýleki forumlara işjeň gatnaşmagy, Ýadro ýaragyny gadagan etmek hakynda şertnamanyň maksatlaryna ýardam bermegi we oňa goşulmak mümkinçiligi baradaky meseläni öwrenmegi dowam etdirer.
Netijenama
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň dowamynda bitaraplyk, ynanyşmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe bitewi çemeleşilmegini öňe sürer. Biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy berkarar etmegiň bähbidine BMG-niň ähli agza döwletleri we düzümleri bilen oňyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýar.