Habarlaşmak
05.10.2024
BMG-niň Baş sekretarynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
04.10.2024
BMG-niň Baş sekretarynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary Mowses Abelýan bilen duşuşygy geçirildi.

30-njy sentýabrdaky duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde wise-başlyklygyň başlanmagy mynasybetli türkmen tarapyna ýagşy arzuwlar beýan edildi. Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen «Geljegiň sammitine» gatnaşmagyny we onuň bölümçeleriniň birinde başlyklyk etmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň çäginde bilelikdäki çäreleri guramak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň sebit we halkara çäreleriniň iň ýokary derejede guralmagyna saldamly goşant goşmagy dowam etdirmäge ygrarlydygy nygtaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem