Habarlaşmak
16.07.2025
Türkmenistanyň Prezidenti we CNPC-niň ýolbaşçysy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
21.06.2022
Türkmenistanyň Prezidenti we CNPC-niň ýolbaşçysy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýunyň arasynda duşenbe güni geçirilen duşuşykda gaz ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

“CNPC-niň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza “CNPC-niň” ýurdumyzda alyp barýan işleri barada habar berdi.

“CNPC-niň” “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini enjamlaşdyrmaga işjeň gatnaşmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygyň esasynda türkmen tebigy gazy Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Şunda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyry hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

“CNPC-niň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynda “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň 18-nji iýunda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin hem-de energetika ulgamynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Serdar Berdimuhamedow energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň pudaga iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek arkaly milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. 

Şunda gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrylan turba geçiriji düzümleri kemala getirmek, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän innowasion önümçilikleri döretmek esasy wezipeler bolup durýar. Bularyň ählisi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Duşuşyga şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

Şeýle hem