Habarlaşmak
12.07.2025
«Bagtyýarlyk» gaz käninde täze taslama badalga berildi
09.09.2021
«Bagtyýarlyk» gaz käninde täze taslama badalga berildi

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar böleginiň gaz ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygyna girişildi, bu ýataklary Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) «Amyderýa» gaz kompaniýasy işläp taýýarlaýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň «China Petroleum News», «China Power News» we beýleki habar beriş serişdeleriniň habar berşi ýaly, birinji desganyň düýbüni tutmak dabarasyna Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky «International Ltd» şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlun gatnaşdy. Bu ýere ýygnananlary Pekinden «China Petroleum Engineering and Construction (CPECC)» kompaniýasynyň baş direktory Lýu Haýszýun wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gutlady.

Şu ýylyň iýunynda «CPECC» kompaniýasy bilen «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar böleginiň gaz ýataklaryndaky ýerüsti desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnama gol çekildi. Möhleti 24 aý bolan taslamanyň çäklerinde gaz ýataklarynyň altysy — Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklary ulanmaga berler. Hususan-da, guýularyň ýigrimi ikisini, gaz toplaýjy beketleriň dördüsini, turbageçirijileri, inžener-tehniki, şol sanda elektrik we suw üpjünçilik ulgamlaryny, önümçilik düzüminiň beýleki desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň umumy taslama kuwwaty ýylda gazyň 1,815 milliard kubmetrine deň bolar.

Umuman, bu taslama «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde tebigy gazyň uzak möhletleýin durnukly çykarylmagyna hem-de ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň Türkmenistan — Hytaý döwletara gaz geçirijisine ygtybarly akdyrylmagyny üpjün etmäge ýardam eder.
 

Şeýle hem