Habarlaşmak
10.03.2025
Aşgabatda «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» atly türkmen-eýran duşuşygy geçirildi
07.03.2025
Aşgabatda «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» atly türkmen-eýran duşuşygy geçirildi

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan duşuşyga ýurdumyzyň we doganlyk döwletiň öňdebaryjy, işjeň zenanlary gatnaşdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetiren çärede maşgala mukaddesligi, çaga terbiýesi, zenanlaryň döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky orny ikitaraplaýyn pikir alyşmalaryň esasy ugurlary boldy.

Türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýandygy hemmä mälim. Şu günki duşuşyk bu hakykaty ýene bir ýola aýan etdi. Onuň çäklerinde iki dostlukly halkyň eli çeper zenanlarynyň işleriniň, çeken suratlarynyň, milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Duşuşyga gatnaşyjylar olar bilen içgin gyzyklanyp, özara sowal-jogap alyşdylar. Goňşy ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň hünärmenleri eýranly zenanlaryň misden, pöwrize daşyndan ýasalan gap-gaçlaryň ýüzüne çeken nagyşlary, nakgaşlyk eserleri barada gürrüň berdiler.

Soňra duşuşyk «Parahatçylyk we ynanyşmak — binýatlyk ýörelge», «Çaga terbiýesi — röwşen geljegiň binýady», «Telekeçi zenanlar ykdysadyýetiň ösüşinde» atly temalar boýunça özara pikir alyşmalardyr maslahatlar bilen dowam etdi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem gatnaşyp, iki dostlukly halkyň zenanlarynyň jem bolup, maşgala mukaddesligi we çaga terbiýesi ýaly möhüm meseleler hakynda gürrüňdeş bolýandyklaryna örän şatdygyny belledi. Ilçi türkmen gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Ebrahim Parwiz hem täsirli çykyş etdi:

— Zenan maşgalanyň iň möhüm aýratynlygy onuň mähirli we arassa ruhudyr. Zenanlar Taňrynyň gözelliginiň we rehim-şepagatynyň beýanydyr. Sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde we adamyň ösüşi, kämilligi üçin esas döretmekde aýallar erkek adamlar bilen deň hatarda uly orun eýeläp gelýärler.

Çaga terbiýesi uly ruhubelentlige we erkin pikir alyşmalara beslenen duşuşygyň dowamyndaky söhbetdeşligiň esasy temalarynyň biri boldy. Ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň işjeň agzalary myhmanlara türkmeniň çaga terbiýelemekdäki asylly däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlary ýetirdiler.

Tähran uniwersitetiniň müdiriýetiniň agzasy, bu uniwersitetiň zenanlar, maşgala we metbugat pudagynyň wekili Maleki Farab Neda Hafez gürrüňi edilýän tema boýunça ylmy-amaly pikirlerini beýan etdi. Türkmenistanyň zenanlarynyň döwletiň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlere goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Eýran Yslam Respublikasynda-da zenanlaryň syýasy-jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýandyklaryny nygtady. Enäniň we çaganyň arasyndaky baglanyşygyň inçelikleri hakynda gürrüň berdi.

Duşuşykda Maşat şäheriniň zenanlar komitetiniň başlygy we telekeçi zenanlaryň wekili, fizika ylymlarynyň doktory Salimi Fateme Hossein hem çykyş etdi.

— Islendik jemgyýetdäki adam güýjüniň ýarysy aýallardyr, jemgyýetde erkekler we aýallar guşuň iki ganaty ýalydyr — diýip, myhman belledi. Ol doganlyk döwletde gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny pugtalandyrmak, olary sarpalamak babatda alnyp barylýan işler hakda-da gürrüň berdi.

Myhmanlar žurnalistler bilen geçirilen duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynda Halkara zenanlar güni baýram edilip bellenilmese-de, Eneleriň güni, Maşgalanyň güni ýaly baýramçylyklaryň bardygyny aýtdylar. «Lalaýy» diýlip atlandyrylýan hüwdülerde bolsa Magtymgulynyň, Firdöwsiniň goşgularynyň giňden ulanylýandygyny bellediler. Doganlyk ýurtda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny nygtadylar.

Çeşme: Türkmenmetbugat

 

Şeýle hem