Habarlaşmak
06.06.2025
Aşgabatda «Uglewodorod ýataklaryny işlemekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiki ugurlary» atly halkara maslahaty açyldy
05.06.2025
Aşgabatda «Uglewodorod ýataklaryny işlemekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiki ugurlary» atly halkara maslahaty açyldy

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Aşgabatda «Uglewodorod ýataklaryny işlemekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiki ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady – uglewodorodlaryň işlenilýän döwründe daşky gurşawa täsirleri azaltmak we energetikanyň geçişini öňe sürmekdir.

Halkara forumyň guramaçysy hökmünde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş edýär. Şeýle hem forum «Türkmen Energiýa Forumy» HJ bilen hyzmatdaşlykda, S&P Global Commodity Insights (Platts) we GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde geçirilýär. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň wekillerini, ylmy intelligensiýany jemledi.

Maslahat iki ýöriteleşdirilen mejlis görnüşinde geçirilýär. Ilkinji mejlis uglewodorod çeşmeleriniň işlenip düzülmeginiň energetikasynyň geljegi, täze tehnologiýalar we ekologiki ugurlaryna bagyşlanýar.

Ikinji mejlis bolsa ekologiki jogapkärçiligiň hereketlendiriji güýji hökmünde adam maýasyna gönükdirilýär. Esasy mowzuklaryň hataryna metan we CO2 zyňyndylaryny azaltmak boýunça strategiýalar, hususan-da, Derwezedäki gaz kraterinde uglewodorod akymlarynyň peseldilmegi, kömürturşy gazynyň çykarylyşyny azaltmak tehnologiýalary we durnukly howpsuzlyk medeniýetini emele getirmek meseleleri girýär.

Maslahatyň çäklerinde milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iri halkara guramalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Çeşme: Turkmenportal

Şeýle hem