“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýubileý ýylynyň 21-22-nji sentýabyrda Aşgabatda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük geçirilen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanynyň subutnamasyna öwrüldi.
Sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda serge gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreden ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty we mümkinçiliklerini “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy görkezdilr.
Sergä gatnaşyjylara we myhmanlara nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen hem-de häzirki wagtda işlenip geçilýän ýataklary, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň hereket edýän we göz öňünde tutulan ugurlary, gazylyp alynýan baýlyklaryň we minerallaryň ýerasty gorlary barada gürrüň berildi.
Şunuň bilen baglylykda, iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Bu käniň açylmagy dünýäniň kuwwatly energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrdy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyny şertlendirdi.
Şu ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda gaz känine baryp, täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi.
Obasenagat toplumynyň we söwda ulgamynyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň diwarlyklary sergide aýratyn orun eýeleýär. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda et, süýt, unaş we süýji-köke önümleri, ösümlik ýaglary, çagalar iýmiti, balyk önümleri, ter miwe we gök önümler, guradylan miweler hem-de ary baly we beýlekiler bar.
Ýurdumyzyň telekeçilik pudagy sergide öz işiniň dürli ugurlaryny görkezdi. Ýurdumyzyň gurluşyk düzümleriniň hatarynda “Ussat Inžener”, “Derýaplastik”, “Ugurly ýol”, “Berk menzil gurluşyk” we beýlekiler bar.
“Aýbölek” we “Çigildem” kärhanalarynyň owadan mebellerini, “Hasaryň” süýji-köke önümlerini, “Täze Aýyň” süýt we peýnir önümlerini, “Akdaş miwe içgileri” kärhanasynyň miwe içgilerini, et önümlerini görkezmek bolar. Şeýle hem sergi telekeçileriň söwda we hyzmatlar ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.
Sergi, şeýle hem Türkmenistanyň täsin syýahatçylyk kuwwaty bilen tanyşmaga, syýahatçylyk ulgamyndaky täzelikler we dynç alşyň dürli görnüşleriniň guralyşy barada maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Häzirki zaman neşirýat we çaphana işini görkezýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär.
Döwrebap senagat we elektron önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň tanyşdyrylyşy sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
“Röwşen” hususy kärhanasy hem özüniň mahabat şekillerini hödürledi. Bu kärhananyň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islege eýedir.
Gözden geçirilişiň esasy maksady diňe bir gazanylan üstünlikleri däl, eýsem, ykdysady pudaklaryň kuwwatyny, olary ösdürmekde amala aşyrylan düýpli özgertmeleri, esasysy bolsa, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.