Habarlaşmak
19.09.2024
Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi
13.09.2024
Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi

Düýn Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi. Çäräni Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkezi bilen (CARICC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilelikde gurnady.

Brifingine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we bilermenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini ýeňip geçmekde, şol sanda CARICC-iň taslamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeň ilerletmäge ýardam bermegi dowam etjekdigini belledi.

Brifingiň açylyş dabarasynda CARICC-iň direktory A.Ýazlyýew we BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň Sebit wekili O. Stolpe hem çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar CARICC-iň sebit we halkara derejesinde alyp barýan işleriniň netijeleri baradaky çykyşlary diňlediler, şeýle hem neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem