Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Russiýada ýangyjyň importyna gadaganlyk girizmek meýilleriniň çäginde penşenbe güni nebit 5% ýokarlanmadan soň hem artmagyny dowam edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Treýderleriň üns merkezinde — OPEC+ mejlisi durýar. Onuň netijeleri boýunça önümçiligi az-kem artdyrmak karary kabul ediler.
OPEC+ tehniki komitetiniň bilermenleri gurama tarapyndan iýun aýynda nebit önümçiligini günde 432 müň barrele çenli artdyrmak meýillerinde galmagy maslahat berdiler diýip, Interfaks-a ýagdaýdan habarly çeşmeler habar berdi.
Penşenbe güni OPEC+ ministrler geňeşi tehniki komitetiň hasabatyna seredýär we OPEC+ ministrler geňeşiniň doly derejedäki duşuşygy üçin maslahatlaryny berýär.
Brent nebitiniň iýuldaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda 0,72% ýokarlanyp, barreli 110,86 dollara çykdy. Çarşenbe güni onuň bahasy 4,9% artyp, 110,14 dollara barypdy.
WTI nebitiniň fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýork biržasynda 0,41% ýokarlanyp barreli 108,25 dollara ýetdi.
Çarşenbe güni Ýewrokomissiýanyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýeniň belleýşi ýaly, ÝK RF-e garşy taýýarlanylýan 6-njy çäklendirmeler bukjasynyň çäklerinde ÝB ýurtlarynyň ählisine rus nebitiniň importyny gadagan etmek zerur diýip hasaplaýar.
Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropa öz kompaniýalaryna Russiýa nebitini ibermekde hyzmatyny, şol sanda ätiýaçlandyrma hödürlemegi gadagan edip biler.
«Nebitiň teklibiniň şular ýaly aşaklama mümkinçiliginiň bilen baglylykda, bazaryň ýokarlanmagy garaşylyşyndan has gowşak» - diýip, Australia & New Zealand Banking-iň çig mal toplumy boýunça analitigi Deniel Haýns belleýär.