Habarlaşmak
07.07.2025
«Ahal» AÇL 2023/24 oýunlarynda «Al-Feýhadan» üstün çykdy
20.09.2023
«Ahal» AÇL 2023/24 oýunlarynda «Al-Feýhadan» üstün çykdy

«Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň «A» toparçasynyň birinji tapgyryndan orun alan oýunda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» toparyny ýeňlişe sezewar etdi. «Aşgabat» köpugurly stadionynda bolan oýunda «Ahala» ýeňiş getiren goly 51-nji minutda Elman Tagaýew derwezä ýollady. 

«A» toparçanyň beýleki oýnunda Özbegistanyň «Pahtakory» öz öýünde Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýn» toparyndan 0:3 hasabynda asgyn geldi. 

Şeýlelikde, birinji tapgyrdan soňra «Ahal» we «Al-Aýn» 3 utuk bilen «A» toparçada liderlik edýärler. 

Şeýle hem