Habarlaşmak
04.07.2025
Watanyň egsilmez güýji-kuwwaty
05.09.2021
watanyn-egsilmez-gueyji-kuwwaty

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan häzirki zaman desgasynyň dabaraly ýagdaýda işe giriziljek güni indi uzakda däl. Ondaky işler ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna deňleşdirmek ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň hünärmenleri we türkmen gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýar. Mundan birnäçe ýyl ozal, has takygy, 2014-nji ýylyň 6-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň işine ak pata beripdi.

Onuň kuwwatlylygy 149,2 megawata barabardyr. Şu taryhy wakadan iki ýyldan gowrak wagt soňra — 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Döwletli etrabynda kuwwatlylygy 254 megawat bolan «Watan» döwlet elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan we ýurdumyzyň ýokary depginde ösmegine hyzmat edýän bu kuwwatly, häzirki zaman desgalarynda ünsümizi jemlemegimiziň özüne ýetesi sebäpleri bar. Ol bolsa atlary agzalan täze elektrik stansiýalaryň ählisiniň tebigy gazda işleýändigi bilen baglydyr. Şeýle desgalaryň işe girizilmegi döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigy gazynyň gazylyp alynýan we daşarky bazarlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän ýangyç-energetika toplumyny ileri tutup ösdürmek boýunça öňden bellän maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Kämil desgalar döwletimiziň barha kuwwatlanmagynda hem-de onuň eksport mümkinçilikleriniň has giňelmeginde ähmiýetlidir.

Biribaryň nazary düşen keremli topragymyzyň gymmatly baýlygy bolan tebigy gazymyz ýurdumyzyň bedew bady bilen depginli ösüşlerine, amala aşyrylýan düýpli özgerişliklere, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelmegine hyzmat edýär. Şeýle diýlende, ilkinji nobatda, asyryň gurluşygy hasaplanylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi göz öňüňde janlanýar. Alysdaky dostana ýurduň sarp edijilerini tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek maksadynda köp sanly gaz gysyjy desgalar, «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäge çenli uzynlygy ýüzlerçe kilometre ýetýän gaz geçirijiler çekildi. Bu diýýänlerimizi delillendirmek üçin geçen ýyllarda Malaý — Bagtyýarlyk aralygyna umumy uzynlygy 274 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijileriň çekilendigini ýatlalyň.

Onuň şahalarynyň biri Amyderýanyň üstünden, beýlekisi bolsa derýanyň düýbünden geçirildi. Şol gaz geçirijiler Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisine «mawy ýangyjyň» zerur möçberlerde bökdençsiz ugradylmagyny üpjün edýär. Şu ýylyň başynda Malaý käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi bilen bolsa bu möçberiň has artandygyny guwanç bilen bellemek isleýäris. Ýöne bu-da hemmesi däl. Hut şu gaz geçirijisi Amyderýanyň sag kenarynyň senagat düzüminiň okgunly ösmeginiň we obadyr şäherleriň ilatynyň ýaşaýşynyň düýpli özgermeginiň hem başyny başlady. Ol gojaman Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny giňden özleşdirmek, gazyp almak we gaýtadan işlemek maksady bilen kuwwatly kärhanalaryň gurulmagyny hem şertlendirdi. Olaryň biri-de «Lebap» sement zawodydyr. Bu täze önümçiligi ýangyç bilen üpjün etmek maksadynda Bagtyýarlyk — Garlyk aralygyna ýokary basyşly gaz geçirijisi çekildi. Ol geçiriji arkaly «Watan» döwlet elektrik stansiýasyna hem tebigy gaz bökdençsiz berilýär.

Hawa, ata Watanymyz dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Şeýle buýsandyryjy ýagdaý hormatly Prezidentimiziň möhüm pudagy ileri tutup ösdürmäge ýakyndan üns bermegi, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny barha giňeltmegi netijesinde mümkin boldy. Şunuň ýaly il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler bolsa türkmen topragyna, edil şonuň ýaly-da, ýakyndaky we alysdaky ýurtlara nur we ýylylyk paýlaýar, gülläp ösüşleri, abadançylygy üpjün edýär. Täze gurulýan kuwwatly elektrik bekedi hem geljekde ählumumy rowaçlyga hyzmat eder.


 

Şeýle hem