Habarlaşmak
24.11.2024
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar
24.06.2024
tuerkmenistanyn-ykdysadyyetinin-aehli-pudaklaryna-sanly-tehnologiyalary-isjen-ornasdyryar

14-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde hem-de ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda netijeli innowasion ösüş ýolunda ynamly öňe barýar. Şol bir wagtyň özünde, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin Konsepsiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýa döwlet maksatnamalary we geljek üçin niýetlenen meýilnamalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ähli pudaklardaky tehnologik özgertmeler, olaryň döwlet tarapyndan dolandyrylyşy, ýurdumyzyň ägirt uly serişde we önümçilik mümkinçiliklerine esaslanýan ykdysady bilimleriň emele gelmegi üçin «Ýol kartasy» bolup durýar.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagyny kadalaşdyrýan hukuk binýady hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Elektron hökümet hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kosmos işi hakynda», «Radioýygylyk spektri hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Häzirki wagtda milli telekommunikasiýa pudagynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly çözgütleri we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Aragatnaşyk hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmak hem-de ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda ugurdaş edara-kärhanalary döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň giň gerimi milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleriniň hem-de dizaýnyň häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşygyny emele getirýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da öz beýanyny tapýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin oňaýly şertleri üpjün edýär. Ýokarda agzalan Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäherinde gurnalyp işe girizilen innowasion tehnologiýalar we sanly çözgütler «akylly» öý ulgamyny döretmäge, bu hyzmatlary uzak aralykdan dolandyrmaga, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Iri taslama bolan «Aşgabat-sitide» hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, bilim we dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan dünýäniň ösen tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de nou-haularyň importyna däl, eýsem, öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Olar ulanyş babatda hili we amatlylygy boýunça daşary ýurtlaryň sanly önümlerinden birjik-de pes durmaýar.

Öňdebaryjy tehnologiýalar hyzmatlar ulgamyny hem düýpli özgerdýär. Mälim bolşy ýaly, häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, bellige we hasaba almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen hem-de raýatlara amatly bolar ýaly, Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm bitewi portaly döredildi. Bu portal raýatlara we telekeçilere elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny hödürlemek üçin awtomatlaşdyrylan «Bir penjire» maglumat ulgamy görnüşindedir. Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjylar döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da awiapetekler, beýleki hyzmatlar üçin öz bank karty arkaly tölegleri töläp bilýärler. Şeýle-de bu ýerde pasportlary, hasaba almalary, iş bilen üpjünçiligi resmileşdirmek, telekeçilik işlerinden başlap, durmuş ugurlaryna çenli ençeme beýleki meseleler boýunça onlaýn tertipde ýüz tutmak bolýar. “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Olaryň üsti bilen ýurdumyzda bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek bilen, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkindir.

Maglumat we telekommunikasiýalar ulgamynda işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylyşyny kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýokary tehnologiýalary ulanmagyň aýratyn ähmiýetini belläp, döwlet dolandyryş pudagynda işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin döredilen häzirki zaman elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryna ornaşdyrmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Elektron maglumatlar binýadyny döretmek we resminamalar arkaly dürli amallary amala aşyrmak bilen bir hatarda, bu ulgamyň aýratynlyklarynyň arasynda resminama monitorda gönüden-göni elektron gol çekmek, sesli buýruk bermek ýa-da ony mobil telefondan dessin ibermek mümkinçilikleri-de bar. Şol bir wagtyň özünde, sanly tehnologiýalar ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine gönükdirildi. Onuň durmuşa geçirilmegi maglumat gurşawynyň döredilmegini, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny, halkara ülňüleriň derejesinde ugurdaş usullaryň kämilleşdirilmegini üpjün etmekden ugur alýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere we sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda, ylym, bilim, önümçilik aragatnaşyklary pugtalandyrylmalydyr. Munuň üçin Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri açmak, inženerçilik-tehniki, tehnologiýa we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek zerurdyr. Şunda Ylymlar akademiýasyna möhüm orun degişlidir. Şu maksat bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk derejesini bermek hakynda Karara gol çekendigini bellemek gerek. Bu çözgüt alymlarymyza we inženerlerimize daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly we mobil hyzmatlaryň ählumumy elýeterliligini üpjün etmegi esasy meseleleriň biri hökmünde kesgitledi. Pudagyň hünärmenleri öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki künjekleriniň ilaty üçin hem internete elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirýärler. Netijede, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» täzeçil usulda dowam etdirilip, ýurdumyzyň welaýatlaryny we şäherlerini sanlylaşdyrmagyň, olary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertine öwrülýär.

Sarp edijilere ýokary derejeli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek, maglumatlaryň geçirijilik tizligini artdyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda optiki-süýümli ulgamlar çekilýär. Bu taslama pudaklaryň arasynda maglumatlaryň alşylmagyny ep-esli gowulandyrmaga, elektron hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Munuň özi diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hem üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine-de ýardam edýär. «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar hem-de bu işe öz goşandyny goşýar. Ilatyň barha artýan islegini nazara almak bilen, «Altyn asyr» milli operatory ýurdumyzy doly mobil aragatnaşygy, şol sanda 3G, 4G bilen üpjün edýär, ýakyn döwürde bolsa 5G tizlikli internet, mobil aragatnaşygyň beýleki hyzmatlary ornaşdyrylar. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara tejribäni, 4G tehnologiýasy bilen deňeşdirilende, maglumat geçirijiligi 10 essä çenli ýokary bolup, ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýän 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny, tehniki häsiýetnamalaryny öwrenmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap 5G tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny aýdyp, şol tehnologiýanyň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň gerimine laýyk gelýän infrastrukturany döretmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Agentlige ýüklenen wezipeleriň çäklerinde ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, emeli hemra aragatnaşygy, milli teleradioýaýlymlar, hünärmenleri taýýarlamak ugurlary boýunça işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň göwrümini we hilini ýokarlandyrmaga, görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen birnäçe iri taslama amala aşyrylýar.

Bazar giňişliginiň ählumumylaşmagy hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde maglumatlaryň peýdalanylmagyna esaslanýar. Aragatnaşyk torlaryna birikdirilen sanly, kompýuter ulgamlarynyň jemgyýetiň ösüşiniň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň baş şertidir. Ykdysadyýet özgerýär, innowasion häsiýete eýe bolýar, bu özgerişlikleriň esasynda bolsa aragatnaşygyň we internetiň ýokary tizlikli, giň zolakly ulgamlarynyň giňden ulanylmagy durýar. Häzirki döwürde yzygiderli kämilleşdirilýän tehnologik täzeçillikleri hasaba almak bilen, olary ykdysadyýeti dolandyrmaga ornaşdyrýan ýurtlar bäsdeşlige ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, maglumatlar bazary türkmen ykdysadyýetiniň hem esasy pudaklarynyň biri bolmalydyr. Onuň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösmegine we makroykdysady amallara uly täsirini ýetirer.

Türkmenistan tarapyndan toplanan tejribe diňe bir milli däl, eýsem, dünýä derejesinde-de ägirt uly ähmiýete eýedir. Watanymyzyň gazanan üstünlikleri bu günki gün köp ýurtlarda we halkara bilermenleriň arasynda gyzyklanma döredýär. Şol bir wagtyň özünde, syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalaryň hünärmenleri ýurdumyzyň ýetýän sepgitlerini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur oýlanyşykly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän syýasaty bilen baglanyşdyrýarlar.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Şeýle hem