Habarlaşmak
06.07.2025
Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar
29.06.2021
tuerkmenistanyn-we-hytayyn-gatnasyklary-netijeli-hyzmatdaslygyn-nusgasy-bolup-duryar

Türkmenistanyň gaz ulgamynda taslamalary amala aşyrmak üçin Hytaýyň beren karzlaryny doly gaýtaranlygy baradaky habar daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň we dünýä metbugatynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.

Bu baradaky habarlary ABŞ-nyň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Ýakyn Gündogaryň we GDA girýän  ýurtlaryň habar beriş serişdeleri  – «Illinoisnewstoday», «Barron's”, “Agence France Press”, «Le Monde de L”Energie», “Nebitgaz” habarlar agentligi, AKIPRESS,  “Asharq Al-Awsat”, “Lebanonnews”, “The Times of India”, “Akchabar”, “Eurasia Today”, “Naharnet”, “Interfaks-Azerbaýjan”, «Report.az», «Trend», «CentralAsia.news», «SNGToday» we beýleki habarlar agentlikleri, gazetler hem-de belli internet-neşirler çap etdiler.

«Daşary ýurt karz serişdeleriniň doly we wagtynda gaýtarylmagy öz borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşýän Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlet bolup durýandygyna şaýatlyk edýär» diýip, žurnalistler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini getirýärler.

Bu waka aýratyn-da, Hytaý Halk Respublikasynyň habar beriş serişdeleri üns berdiler. Ýurduň köp sanly elektron neşirleriniň -  «Halkara energetika ulgamy (in-en.com)», «Hytaýyň gaz ulgamy (chinagas .org.cn)»,  «Sina News» we beýlekileriň  habarlarynda häzir Hytaýyň Türkmenistandan uly möçberde tebigy gaz satyn alýandygy bellenilýär. Şeýle hem biziň ýurdumyzyň tebigy gaza baý bolup, “Galkynyş” gaz käniniň bolsa, gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde ikinji ýatak bolup durýandygy nygtalýar.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň dünýäniň batly depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna girýändigi aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, hytaý neşirleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasyna beren interwýusynda getiren sanlaryny we maglumatlaryny bellediler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim derejede üpjün edildi. Tutuş Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa Türkmenistanyň JIÖ-i 8,4 esse ýokarlandy.  

“Soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň strategik taýdan möhüm hasaplanýan ýangyç-energetika pudagynda düýpli özgertmeler bolup geçdi” diýip, hytaý habar beriş serişdeleri belleýärler. Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana gaz geçirijileri çekildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.

Umuman, halkara synçylarynyň pikirine görä, Türkmenistanyň we Hytaýyň gaz ulgamyndaky gatnaşyklary iki ýurduň hem-de tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar.

Şeýle hem