Elli bäş ýyl mundan öň, 1966-njy ýylda Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň demirgazyk böleginiň çäklerinde ýerleşen Ojak gaz kondensatly känini senagat taýdan özleşdirmek işleri başlandy. Ol Demirgazyk — Gündogar Türkmenistanyň çäklerinde üsti açylan ilkinji tebigy gazly ýatakdyr.
Ojak ýatagynda 1964-nji ýylda barlag işleri geçirilip başlanyp, 1966- njy ýylyň fewralynda bolsa 1-nji barlag guýusyndan aşaky hek gatlagyndan tebigy gazyň ilkinji senagat akymy alyndy.
Şol döwürde Ojak ýatagy Orta Aziýada iň uly gaz känleriniň biri hasaplanylýardy. Şeýlelikde, ýurdumyzda gaz senagatynyň düýbi 1966-njy ýylda tutulyp, taryha girýär we sene hökmünde kabul edilýär
Geçen 55 ýylyň içinde ýurdumyzda gaz senagaty uly derejede ösdi. Islendik energetik ýurduň nebit we gaz ulgamynda beýik maksatlary amala aşyrmaklygyň ilkinji şerti — ol ýurtda ägirt uly nebit we gaz gorlarynyň bolmagydyr we täze ýataklaryň yzygiderli açylyp durulmagydyr. Hakykatdan hem, Türkmenistan bu baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýedir.
Ýeri gelende aýtsak, gorlary boýunça 26,2 trillion kubmetrden ybarat diýlip baha berilýän we dünýäde gaz gorlary boýunça ikinji orunda durýan «Galkynyş» gaz ýatagynyň ýangyç serişdeleri daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde birnäçe ýyl bäri üstünlikli özleşdirilýär.