Habarlaşmak
05.08.2025
TÜRKMENISTANDA NEBITIŇ WE GAZYŇ GEOLOGIÝA-GÖZLEG IŞLERINIŇ TÄZE UGRUNYŇ ESASLANDYRYLYŞY
28.07.2025
tuerkmenistanda-nebitin-we-gazyn-geologiya-goezleg-islerinin-taeze-ugrunyn-esaslandyrylysy

Tebigatda nebitiň we gazyň dürli görnüşli duzaklaryna duş gelip bolýar. Şol sebäpden, nebitiň, gazyň geologiýa gözleg işlerini netijeli geçirmek üçin, ilkinji nobatda, synplaşdyrylyşyny, ýerastyndaky nebitgazly duzaklaryň haýsy görnüşleriniň duş gelýändigini bilmek we olaryň emele gelmeginiň esasy sebäplerine gözegçilik etmek zerurdyr. Bu synplaşdyrma gözleg-barlag işlerini dogry gurnamaga mümkinçilik berýär, gymmatbahaly burawlaýyş işleriniň çykdaýjylaryny azaldýar. Dürli awtorlaryň genetik taýdan işläp düzen köp sanly synplaşdyrmalary bar. Olardan esasy bäş sanysy tapawutlanýar.

1. Gurluş görnüşli duzaklar synpy. Bulara dürli emele gelişli lokal gurluşlar girýär.

2. Litologiki görnüşli duzaklar synpy. Oňa litologiki faktorlar täsir edýär (gatlagyň ýukalýan zonalary, linza görnüşli ýatyşyň häsiýeti bolan we ş.m.).

3. Stratigrafiki görnüşli duzaklar synpy. Ýatagyň emele gelşi üçin kollektoryň geçiriji bolmadyk çökündileriniň bir-birine laýyk gelmedik ýapylyşy we kesişme (bölekleri) meýdançalary duzak bolup hyzmat edýär.

4. Rifli emele gelişli duzaklar synpy. Rif massiwleri bu duzaklara degişli.

5. Çylşyrymly emele gelişli duzaklar synpy. Gurluş, litologiki, stratigrafiki ýa-da başga görnüşli ýataklaryň döreýşine bagly duzaklar.

Türkmenistanda gözleg-barlag işleri diňe antiklinallar, brahiantiklinler, gümmez görnüşli beýiklikler we ş.m. görnüşler bilen amala aşyrylýar.

Burawlaýyş işleriniň başlangyç tapgyrynda gözleg burawlaýşa çuň bolmadyk 1,5-den 3,5 km çenli önümli gatlaklar bolan köp sanly iri antiklinally gurluşlar girizildi, olaryň köpüsi aýratynlykly, has iri, iri we orta uglewodorod ýataklaryny tapmaga we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy üçin güýçli çig mal binýadyny döretmäge mümkinçilik berdi.

Amatly iri lokal göterilmeleriň möçberi we gaznasynyň sany yzygiderli azalmaga başlady, ýatak çuňlugy 3,5–5 km çenli köpeldi, bu bolsa işiň netijeliliginiň peselmegini ýüze çykarýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda geofiziki işleriň barlaglarynyň köp geçirilendigi üçin gurluşlaryň gözleg burawlaýşyna taýýar bolan iri bolmadyk meýdançalary C3 kategoriýaly uglewodorod resurslary bilen häsiýetlendirilýär.

Egerde geljekde şol ýerlerde önümli ýatak açylsa, olaryň köpüsi kiçi toparlara bölüner. Şeýle hem bu gurluşlaryň köp böleginiň önümsiz bolmagynyň mümkindigi göz öňünde tutulmalydyr. Bu kiçi ýataklaryň nebitiň we gazyň önümçilik derejesine uly täsir ýetirmeýändigi dünýädäki geologo-barlag işleriniň tejribesinde subut edilendir.

Geologiki-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, geofizika we buraw işiniň mümkinçiliklerine şert döretmek üçin geofiziki usul bilen kartalaşdyrmak we duzaklaryň beýleki görnüşleriniň gözlegine geçmek zerur. Köp ýurtlarda şeýle ýataklaryň barlagy we özleşdirilmek işleri uzak wagtdan bäri dowam edýär.

Häzirki döwrüň ösen talabyna laýyk bolan nebitiň, gazyň senagat toplanmasyny ýüze çykarmak, uglewodorodlaryň ätiýaçlyk goruny köpeltmek meselesi, antiklinal däl duzak (ADD) görnüşli gazyň, nebitiň duzaklarynyň gözleg we barlag işleri arkaly çözülip bilner. Bu, esasan, hünärmenleriň köpüsi tarapyndan Merkezi Garagum gümmezinde, Bokurdak monoklinalynda, Badhyz-Garabil, Aladag-Misiriýan basgançaklarynda we ş.m. uly tektoniki elementleriň eňňitlerinde çak edilýär.

ADD kartalaşma usulyýetini barlamak üçin synag meýdany (poligon) hökmünde, ilki bilen litologiki we stratigrafiki nebit we gaz duzaklarynyň çaklanylýan ýeri bolan Merkezi Garagum gümmeziniň günorta we günorta-gündogar eňňitlerini göz öňünde tutmak zerur (Z.Husnutdinow, Z.Melihow, A.Semensow, K.Taýimow K-D we ş.m.).

Şonuň üçin geofiziki işiň ugruny bölekleýin üýtgetmek teklip edilýär: başlangyç etapda gurluş däl duzaklary gözlemek we kartalaşdyrmak üçin bir seýsmiki partiýa hereket etdirilmeli.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda geçirilen ylmy gözlegleriň esasynda ADD zolagyny kesgitlemek usulyýeti düzüldi we Merkezi Garagum gümmeziniň günorta, günorta-gündogar eňňitlerinde şeýle duzaklar çaklanylýar (Taýimow K.D.).

Bu usulyýet boýunça tejribe hödürnamalary taýarlanyldy:

1. «Hazarly meýdançasynda stratigrafiki duzaklaryny pasportlaşdyrmak maksady bilen gözleg-barlag seýsmiki (UÇNU-2D) gözleglerini geçirmekligiň esaslandyrylyşy» (K.Taýmow 2015г).

2. «Sarygum nebitgazkondensat käninde stratigrafiki duzaklary pasportlaşdyrmak maksady bilen 3D seýsmogözleg işleri geçirmekligi esaslandyrmak» (K.Taýmow 2015г)

3. «Kyrkguýy meýdançasynda parametriki guýyny burawlamak üçin geologiki esaslandyryş» bolup, (B.Hudaýkulyýew, K.Taýmow) 1984-nji ýylda gaz ýatagy açyldy. 1-nji belgili guýy.

4. «Merkezi Garagum gümmeziniň günorta-gündogar böleginde kükürtsiz gaz ýataklarynyň ýerleşişiniň kanunalaýyklygy we olary gözlemegiň ugurlary» (H.Çopanowa, D.Jumahanowa 2024ý.)

Şeýlelikde ADD-leri kartalaşdyrmak maksady bilen geofiziki we burawlaýyş işlerini geçirmek üçin ylmy esas bar hem-de täze görnüşli uglewodorod ýatagyny açmak üçin gözleg-barlag burawlaýşyny şol esasda gurnamaly. Bu teklibiň durmuşa geçirilmegi geofiziki we buraw işleriniň gerimini ep-esli giňelder we täze nebit, gaz ýataklarynyň açylmagyna mümkinçilik berer. Geofiziki işler başlangyç etapda ADD-niň kartalaşdyrma usulyýetini işlemäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň gaz pudagy üçin möhüm bolan bu sebitdäki gaz ýataklarynyň kükürtsizligini aýratyn bellemelidir. Önümli gorizontlaryň ýatyş çuňlugy bu ýerde uly däl we 1,5–3 km bolup, ykdysady taýdan has bähbitli. Geofiziki we burawlaýyş işlerini toplumlaýyn geçirmegiň amatly bolmagy, olaryň netijeliligini ýokarlandyrar we maliýe çykdaýjylaryny azaldar.

Baýramgözel MYRADOWA

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Myratmuhammet MYRADOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy

Çeşmesi: “Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri” žurnaly

Şeýle hem