Habarlaşmak
30.01.2025
Ştangaly guýy nasoslarynyň iş netijeliligi we guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak usullary
23.01.2025
stangaly-guyy-nasoslarynyn-is-netijeliligi-we-guyularyn-oenduerijiligini-yokarlandyrmak-usullary

Türkmenistanyň günbatar sebitindäki uglewodorod känleriniň özleşdirilmeginiň soňky tapgyrlarynda, basyşyň peselmegi we suwlulygyň ýokarlanmagy sebäpli, ýyl-ýyldan mehanizirlenen usullar arkaly nebit çykarylýan guýularyň sany artýar. Bu guýularyň köpüsi ştangaly guýy nasoslaryny ulanýar.

Goturdepe we Barsagelmez känlerinde şu usul arkaly işleýän guýularyň sany degişlilikde 155 we 136 bolup, bu guýularyň paýy bu iri känlerden çykarylýan nebit möçberiniň 3,7%-ine we 4,3%-ine deňdir. Ştangaly guýy nasoslarynyň işini häsiýetlendirip aýdanymyzda, gazlift we damjalaýyn nasoslardan tapawutlylykda, olaryň has çylşyrymly şertlerde işleýändigini görmek bolýar. Olaryň ýerasty we ýerüsti enjamlarynyň hyzmaty, gurnalmagy we energiýa sarp edilişi göz öňünde tutulanda, esasy wezipe nebitiň çykarylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we onuň özüne düşýän bahasyny peseltmek bolup durýar.

Şeýle guýularda ulanylýan enjamlaryň (ştoklaryň, nasoslaryň, turbalaryň, ştangalary ýokary göterýän mehanizmleriň we kömekçi gurluşlaryň) ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin, bu ulgamlaryň plast şertlerine laýyk dogry saýlanylyp gurnalmagy, şeýle-de olaryň ulanylyşynyň ähli tapgyrlarynda tehnologiki prosesiň gözegçilikde saklanylmagy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Näsazlyklaryň wagtynda düzedilmegi nebitiň çykarylyşyny sazlamaga we enjamlaryň bozulmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Işleýän ştangaly guýy nasoslarynyň işiniň seljerilmegi şunuň ýaly guýularyň 75%-inde nebitiň çykarylyş koeffisiýentiniň kadadan 0,5—0,6 pesdigini görkezýär. Nebitiň köp bolmadyk, ýagny günde diňe 3—4 tonna çykarylýan guýularyň (käbir ýokary öndürijilikli guýulardan başga) sebäpleri, plast geçirijiliginiň we süzgüçlik häsiýetleriniň peselmegi, şeýle-de parafin, gurum we beýleki näsazlyklaryň nebitiň kadaly çykarylyşyna päsgelçilik döredýän ýagdaýlary bilen baglanyşyklydyr.

Nasoslaryň işine täsir edýän zyýanly gazlaryň we parafinleriň täsirini peseltmek boýunça çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Mysal üçin, plastdan gelýän gaz nasosyň silindriniň uly bölegini doldurýar we onuň kadaly işlemegine päsgelçilik döredýär. Nebitdäki gazyň möçberi 50 m³/m³-den ýokary bolan ýagdaýynda, bu nebit çykarylyşyna oňaýsyz täsir edýär.

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň uly ylmy işgäri Weýis Amantaganow-yň bellemegine görä, nasoslaryň işine gazyň oňaýsyz täsirini peseltmek boýunça iki esasy çemeleşme bar:

  1. Nebitiň aşaky böleginde gazy nebitiň düzüminden bölüp, ony turbanyň daşky giňişligine taşlamak.

  2. Nasosy nebitiň içine takmynan 100—200 metr çuňlukda ýerleşdirmek.

Suwly, gowşak sementleşen we ýumşak gatlaklardan ybarat bolan plastlarda parafin we gurum bilen göreş meselesi häzire çenli öz ähmiýetini ýitirenok. Munuň üçin mehaniki we himiki usullar bar, ýöne bu maddalary guýunyň düýbünde saklamak meselesi henizem doly çözülmedik meseleleriň biri bolup galýar. Şeýle-de bolsa, bu ugurda döredilen käbir täze enjamlar bölekleýin üstünlik gazandy.

Mundan başga-da, guýularyň işine yzygiderli gözegçilik etmek zerur bolup durýar. Şeýle barlaglaryň netijelerine görä, guýularyň 41,7%-inde olaryň kadaly işlemegi üpjün edilýär, 7,3%-inde nasoslaryň gazyň täsiri sebäpli nebit bilen dolmaýandygy ýüze çykarylýar, 11%-inde nasos klapanlarynyň näsazlyklary anyklanýar, 5,4%-inde parafiniň täsiri, 0,6%-inde bolsa mehaniki zeperlenmeler ýüze çykýar.

Bu meseleleri çözmek üçin degişli çäreler teklip edilýär. Hususan-da, “Galkynyşnebit” nebitgaz dolandyryşlary we beýleki bölümler guýularyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça gözleg işlerini alyp barýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň giň gerimde alnyp barylmagy we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nebitiň çykarylyşynyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrdy. Ösen tejribäniň ulanylmagy we enjamlaryň ulanylyşynyň optimallaşdyrylmagy nebit çykarylyşynyň möçberini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Şeýle hem