Habarlaşmak
13.07.2025
Şahamçadaky utgaşykly işler
16.07.2021
sahamcadaky-utgasykly-isler-1

Zergär Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň iri şahamçalarynyň biridir. Bu ýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan dürli görnüşli nebit önümleri yzygiderli gelip gowuşýar. Şahamçada gymmatly önümleri bökdençsiz kabul edip almak, saklamak we sarp edijilere ugratmak üçin ýeterlik möçberde çanlar toplumynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň bolmagy işleri sazlaşykly guramaga mümkinçilik berýär.

Iş günleri şahamçanyň giň derwezesinden ýangyç daşaýan awtoulaglaryň köp sanlysy girip çykýar. Indi birnäçe wagtdan bäri bolsa olaryň hataryna üstüne gurluşyk önümleri ýüklenen tehnikalar hem goşuldy. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Bu ýerde häzirki günlerde esasy işler bilen birlikde şahamçanyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly çärelere giň gerim berilýär. Bu möhüm buýurmany «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary ýerine ýetirýärler.

— Şahamçada önümçilik we kömekçi binalary abatlamak, ýangyç we çalgy ýaglary saklanylýan dik çanlary gurnamak bilen baglanyşykly işleri berjaý edýäris. Zerur gurluşyk serişdeleri we gerekli enjamlar bilen üpjün etmek meseleleriniň oňyn çözülmegi edýän tagallalarymyzy barha artdyrmaga mümkinçilik berýär — diýip, gurluşyk guramasynyň başlygy Myrat Azymow gürrüň berýär.

Ýurdumyzyň ýollarynda tehniki serişdeleriň sanynyň yzygiderli artýan, gatnawlaryň geriminiň barha giňelýän şertlerinde awtoulaglary ýangyç bilen üpjün etmek, olara tehniki hyzmatlary talabalaýyk ýola goýmak meseleleri hem üstünlikli çözülýär. Bu işe ýokarda ady agzalan gurluşyk guramasynyň agzybir we başarjaň işgärleri saldamly goşant goşýarlar. Olar tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň gündogar welaýatynda ýangyç guýýan beketleriň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şolar bilen birlikde welaýatyň çägindäki nebit kärhanalarynda we olaryň şahamçalarynda durky täzeleýiş işleriniň uly toplumy ýerine ýetirildi. Şeýle tagallalar nebit önümlerini ygtybarly saklamakda, olar bilen sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmekde ähmiýetlidir.

— Zergär şahamçamyzda, meýilnama laýyklykda, umumy göwrümi 10,4 müň kubmetre barabar bolan dik çanlaryň onusy gurulýar. Olaryň aglabasynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bulardan başga-da, häzirki wagta çenli şahamçanyň çäginde 2,4 müň inedördül metr meýdana asfalt düşeldi, haýatlar abatlanyldy, ýollaryň gyralaryna beton jähekler, yşyklandyryjylar oturdyldy. Biz degişli gurluşyk-gurnama işleriniň gowy hil derejesinde berjaý edilmegine gözegçiligi hem yzygiderli amala aşyrýarys — diýip, nebit önümleri kärhanasynyň önümçilik-tehniki bölüminiň gurluşyk boýunça baş hünärmeni Batyr Joraýew bitirilýän işler baradaky söhbetiň üstüni ýetirýär.

Gurluşyk guramasynda öz käriniň inçe syrlaryny kämillik bilen ele alan, başarjaň we zähmetsöýer işgärleriň uly topary jemlenipdir. Olar ýokarda ady agzalan şahamçadaky zerur işleri hem ýokary sazlaşykly alyp barýarlar. Ussat hem-de agzybir adamlaryň jemlenen ýerinde bolsa işler mydama öňe gidýär.

 

Şeýle hem