Taryhy üstünliklere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ähli ugurlar boýunça ösdürmek babatda deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar, ýokary depginli ösüşler gazanylýar.
Türkmenistan nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklarynyň biri bolup durýan ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Ýurdumyz ýangyç-energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, şonuň bilen birlikde, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmak we çykarmak, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa ornaşdyrmagy, türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler arkaly daşary ýurtlara ibermegi dowam etmegi baş wezipe hökmünde öňe sürýär. Şol wezipelere laýyklykda, nebitgaz toplumyny ählitaraplaýyn ösdürmek, alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek babatda birnäçe işler ýerine ýetirilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda asyrlara barabar işler ýerine ýetirildi. Ösen döwletleriň derejesinde ykrar edilen Türkmenistan bedew batly ösüşleri bilen özüniň nurana geljegine tarap, ynamly öňe barýar. Döwlet Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplyk dünýä ýüzünde özüňi syýasy taýdan ykrar etdirmegiň, zähmet ýeňişleriniň hem-de röwşen geljegiňi gurmagyň açarydyr. Taryhy üstünliklere beslenen geçen ýyllarda türkmen halkymyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, döwletimiziň mizemez binýadyny berkitmek arkaly türkmen halkynyň döretmäge, gurmaga, Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ukyply milletdigini dünýä äşgär etdi.
Ýurdumyzda ösüşiň we abadan durmuşyň üpjün edilmegi babatda beýik işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda döwrebap önümçilikleri döretmäge uly üns berilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanyp, dünýäniň esasy önüm öndüriji ýurtlarynyň birine öwrüldi. Elbetde, ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ösüşler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmen topragy — tebigy baýlyklaryň hazynasy. Halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretlerini duýup ýaşaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň baýdagy tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji döwletleriň hem-de ata Watanymyz bilen özara bähbitli, doganlyk gatnaşyklara taýýar bolan ýurtlaryň baýdaklarynyň hatarynda al-asmanda parlaýar. Bu bolsa her bir türkmenistanlynyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde mähriban halkymyzyň durmuş-medeni hal-ýagdaýy has-da ýokarlanýar, uly üstünliklere beslenýär. Ählumumy bähbitlere gönükdirilen ägirt uly başlangyçlar öňe sürülýär, bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, halklaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek işine uly goşant goşulýar.
«Türkmennebit» döwlet konserni nebit pudagyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi amala aşyrýan kuwwatly, iri önümçilik toplumy bolmak bilen, Türkmenistanyň çäklerinde nebitli we gazly ýataklary önümçilik taýdan gözlemek, özleşdirmek, nebiti, gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de ilaty, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny nebit we nebithimiýa önümleri, suwuklandyrylan gaz we beýleki taýýar önümler bilen üpjün etmek we daşarky bazarlara ýerlemek boýunça giň möçberli işleri alyp barýar. Konserniň agzybir işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin el-ele berip, tutanýerli zähmet çekýärler.
Muhammetmyrat ATAGARRYÝEW,
«Türkmennebit» DK-nyň Demokratik partiýasynyň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy.
Çeşme: Türkmenmetbugat