Habarlaşmak
04.03.2025
Nebitçileriň şanly ýylda batly gadamlary
25.02.2025
nebitcilerin-sanly-yylda-batly-gadamlary

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak nebit çykarmak işleri bilen berk baglydyr. Bu babatda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen nebitçileri adaty nebit guýulary bilen bir hatarda, has çuň guýulary burawlamak arkaly «gara altynyň» örän çuň gatlaklarda ýerleşýän gorlaryny almagyň hötdesinden gelýärler.

Milli baýlygymyz bolan «gara altyn» häzirki wagtda düýpli özleşdirilýän Uzynada, Barsagelmez, Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Gamyşlyja, Keýmir, Altyguýy we beýleki nebite baý bolan meýdançalarda çykarylýar. Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşen ygtyýarlylandyrylan deňiz toplumlary hem üstünlikli özleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatyny ösdürmeklige gönükdirilen döwlet syýasaty bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da ilerlemegine oňyn täsir edýär.

Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan nebitçilerimiziň guwandyryjy zähmet üstünliklerini «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan Uzynada käninde ýerine ýetirilen işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Bu kändäki 85-nji täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizildi. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň günbatar sebitinde täze önümli ýataklary tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri kuwwatly buraw desgalarynyň güýji bilen amala aşyrylýar. Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň Uzynada käninde gazanan zähmet ýeňşi, ýagny bu geljegi uly bolan kände önüm berýän täze guýynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ulanyşa girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi türkmen nebitçileriniň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny üstünlikler bilen mynasyp garşylajakdygyna şaýatlyk edýär. Täze önümli guýynyň ulanylmaga berilmegi nebitçileri ruhlandyryp, geljekde alnyp baryljak işlere batly depgin berer. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda gazanylan şeýle üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy bilen Türkmenistan nebitiň, gazyň çykarylyşyny artdyrmagy, nebit we gazhimiýa pudaklaryny ösdürmegi, ýangyç-energetika toplumyny batly depginlerde döwrebaplaşdyrmagy, häzirki zaman önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümini giňeltmegi ugur edinýär. Şu nukdaýnazardan, nebiti, gazy gaýtadan işlemek hem-de önümleriň täze görnüşlerini çykarmak ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatyna laýyklykda, toplumyň, şol sanda nebit senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek bilen berk baglydyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini ösdürmäge mümkinçilik döreder.

Aýterek ANNAMYRADOWA,
«Türkmennebit» DK-nyň TNGIZT-niň «Kenar»

toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň maşinisti.

Çeşme: “Nebit-gaz“ gazeti

Şeýle hem