Habarlaşmak
04.03.2025
Nebitçileriň durmuşyndan filmler hakynda
25.02.2025
nebitcilerin-durmusyndan-filmler-hakynda

Soňky wagtlarda «Miras», «Arkadag» teleýaýlymlarynda dürli ýyllarda surata düşürilen kinofilmleriň görkezilmegi telegörüjiler tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Bu filmleriň tomaşaçylara ýetirilmegi ýaş nesillere milli mirasymyz bilen tanyşmaklyga ýardam edýär.

Her döwrüň öz taryhy bar. Şol filmlere tomaşa edip otyrkaň, dürli ugurlara degişli zähmet temasyndan surata düşürilen filmler hakydaňa dolýar. Şeýle filmleriň biri ussat kinorežissýor, Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýewiň surata düşüren ilkinji uly göwrümli «Altynyň öwüşgini» atly filmidir. Filmde kino sungatymyzyň taryhynda yz goýan meşhur artistleriň köpüsi surata düşüpdir. Filmiň ýaşajyk gahrymany Myradyň keşbinde surata düşen artist Ýusup Kulyýewiň gürrüň bermegine görä, 1930-njy ýyllaryň türkmen nebitçileriniň durmuşyndan gürrüň berýän bu film 1974-nji ýylda surata düşürilýär. Ol:

— Filmiň baş gahrymany Gylyç aganyň agtygy Myradyň keşbi ilkinji döreden keşbim. Kino düşmek hezildir öýdýärdim. Iki-üç aýlap Goturdepede, Nebitdagda nebitçileriň iş pursatlaryna golaý ýerdäki umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşadyk. Ýedi ýaşymdadym. Filme surata düşemde, ilkinji gezek Hazar deňzini gördüm. Halypalar Baba Annanow, Öwez Gelenow, Oraz Amangeldiýew, Aman Öde, Sapar Öde, başga-da Moskwadan gelen artistlerem bardy. Filmiň döredijilik toparynda 40 — 50 adam bardy. «Atam» diýip, mydama Ata Döwletowyň ýanynda bolýardym. Beýleki halypalaram «balam-guzym» diýip, meni ünsden düşürenokdylar. Şonda-da ejemi, kakamy göresim gelip, olardan gaýta-gaýta haçan öýümize gaýdýas diýip soraýardym. Olaram: «Entek ataňy «öldürsinler», onsoň gaýdarsyň öýüňize» diýýärdiler. Çaga bolamsoň düşünemokdym. Film Ata aganyň döreden gahrymanynyň ölümi bilen tamamlanýan eken. Indi käte çagalygymyň şol ýatlamasy ýadyma düşüp, öz-özüm ýylgyrýan — diýip, gürrüň berdi.

Filmde nebit ýataklaryny gözlemekde şol döwürde bu ugurdan sowatly hünärmenleriň juda azlygy, işçi güýjüniň ýetmezçiligi, häzirki döwürdäki ýaly, ýokary hilli tehnikalaryň üpjünçiliginiň pes mahaly türkmen nebitçileriniň geçen kynçylykly ýollary görkezilýär. Filmiň baş gahrymany Ýomudowyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Oraz Amangeldiýew janlandyrypdyr. Ýomudowyň keşbi meşhur «Aýgytly ädim» filminiň baş gahrymany Artygyň keşbini ýadyňa salýar. Şol pursatlar nähili kynçylykly döwür bolanda-da jany-teni bilen Watanymyza, halkymyza hyzmat eden edermen, dogumly türkmen ýigitleriniň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Filmiň baş gahrymanlarynyň ýene biri Gylyç aga. Gylyç aganyň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Ata Döwletow oýnaýar.

Ata aganyň janlandyran gahrymany Gylyç aga nebitçileriň iň ýakyn kömekçisi, ak göwünli, arzuwçyl ýaşuly. Onuň «geljekde nebit ýataklaryndan bol önüm çykarylyp, şol ýerlerde ýaşaýjylar üçin ajaýyp şäheriň dörejekdigine bolan ynamy diýseň täsirli. Eýýäm şol ýyllarda halkymyzda nebitgaz pudagynyň geljeginiň häzirki ösüşli menzillerine bolan beýik ynam bar eken. Bu günki günde her birimiziň: «Biz arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasynyň ýaşaýjylary» diýip, buýsanç bilen aýtmagymyzyň hakykatdygyna diňe bir «Altynyň öwüşgini» filmini göreniňde-de göz ýetirmek kyn däl. Her bir filmiň wakasyndan döwrüň tapawudyny görmek bolýar.

Ynha, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümi bolan «Garagumuň bürgütleri» atly uly göwrümli çeper film hem nebitgazçylaryň durmuşyndan gürrüň berýär. Bu filmi halypa kinorežissýor, Türkmenistanyň halk artisti Ilmyrat Bekmiýew ýazyjy Hojanepes Meläýewiň «Ýalyn» atly eseri esasynda edebi esasyny özi ýazyp, 2008-nji ýylda surata düşürdi. Eýýäm bu filmiň wakasynda döwrümiziň ösüşli menzillerinde nebitgaz pudagynyň üstünlikleri beýan edilýär. Filmiň surata düşürilişi hakynda Ilmyrat aga bilen gürrüňdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi:

— Islendik ulgama degişli film surata düşürilende, şol ugurdan ýokary derejeli hünärmen saýlanyp, filmiň maslahatçysy bolýar. Ol tehnikalaryň işledilişini, her bir tehnikada ulanylýan sözleriň manysyny düşündirip, režissýoryň ýanynda bolýar. Maslahatçy filmiň döredijilik toparynyň esasy adamlarynyň biri. Bu filmi döretmegime nebitgaz ulgamyna degişli ýazylan edebiýatlary kän okamagym itergi berdi.

Ýurdumyzyň ösüşinde nebitgaz pudagynyň mynasyp orny bar. Nebitçileriň, burawlaýjylaryň asylly zähmeti, olaryň ýokary netijeler gazanmagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler film arkaly wasp edilýär. Filme tomaşa edeniňde, döwür bilen döwrüň parhyna göz ýetirip bolýar. Bu filmde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesiniň has-da dabaralanmagy üçin giň ýoluň açylandygy suratlandyrylýar.

Akgül SAPAROWA,
«Nebit-gaz» gazeti.

 

Şeýle hem