Habarlaşmak
13.07.2025
Möwsüme taýýarlyk baş wezipe
13.09.2021
moewsueme-tayyarlyk-bas-wezipe

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary häzirki döwürde demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, gaz desgalaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda hem depginli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda müdirligiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki günlerde durmuşa geçirýän işleri hem aýratyn bellärliklidir. Edaranyň işçi-hünärmenleriniň jogapkärli döwür bolan gyş möwsümine birkemsiz taýýarlykly barýandyklaryny etrabyň islendik künjünde bolanyňda-da aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Etrapda gaz geçirijilerini we desgalaryny düýpli abatlap, gyşa taýýarlamak ugrunda badalga berlen işleriň döwrüň ruhuna mahsus derejede guralmagynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň ussasy Soltanmyrat Soltanmyradow, slesar-gurnaýjylar Allaberdi Begjanow, Hudaýberdi Jümmiýew we elektrik bilen kebşirleýji Öwezgeldi Tagangylyjow dagynyň hem öz mynasyp paýy bar. Olaryň şu günler etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalarynyň zerur ýerleriniň durkuny täzelemekde hem-de gaz ýollarynyň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmakda alyp barýan işleri aýratyn öwgä mynasypdyr. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde ýylyň başyndan bäri etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny düýpli abatlap, gyşa taýýarlamakda müňlerçe manatlyk işler ýaýbaňlandyrylyp, hereket edýän bitewi gaz ulgamynyň geçirijilik mümkinçiligi ep-esli artdyryldy.

Aýratyn hem edaranyň gazçylary tarapyndan gaz desgalaryny düýpli abatlap, howanyň sowuk möwsümine taýýarlamakda etrap merkezi bolan Görogly şäherinde we Bereket, Türkmenistan, Durdy Gylyç adyndaky geňeşlikleriniň çäginde, göwrüminiň ululygy 159 millimetre barabar bolan gaz geçirijileriň durkuny täzelemekde bolsa Hüdük Myradowyň hem-de Balyş Öwezowyň adyny göterýän geňeşliklerde giňden ýaýbaňlandyrylan işler zamanabaplygy bilen tapawutlanýar. Şol desgalarda ýerine ýetirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde amal edilmeginde edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň ussasy Gurbangeldi Rejepowyň ýolbaşçylygynda iş alyp baran abatlaýjy slesarlar Döwran Gurbangeldiýew, Öre Welniýazow, Amanmyrat Rahmanow we elektrik bilen kebşirleýji Begenç Hekimow dagynyň göreldeli zähmet çekendigini edaranyň ýolbaşçylary buýsanç bilen gürrüň berýärler.

— Ýurdumyzda bellenip geçilýän her bir şanly senäni sowgatly garşy almak edaramyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bilşimiz ýaly, şu ýylymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň bellenjek ýyly. Şonuň üçin hem bu şöhratly senäni sowgatly garşylamak ugrunda ýurdumyzda emele gelen ýokary ruhubelentlik biziň işgärlerimizi hem täze rowaçlyklara atarýar. Tebigy gaz — bu biziň döwletimiziň milli baýlygy. Gahryman Arkadagymyzyň talaplaryna laýyklykda, halkymyzy gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek bolsa biz, gazçylaryň mukaddes borjy. «Göroglyetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň gazçylary tarapyndan etrabyň çäklerinde hereket edýän gaz ulgamlarynyň 1200 kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy hem-de paýlaýjy enjamlaryň hem dört ýüz elliden gowragyna talabalaýyk hyzmat edilýär.

Munuň özi etrabyň çäginde bar bolan 22 müň 650-den gowrak hojalygyň ýylyň islendik möwsüminde tebigy gazdan bökdençsiz peýdalanmagyna şert döredýär. Nesip bolsa, geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň biz, gazçylara bildirýän uly ynamyna öz halal zähmetimiz bilen jogap bereris hem-de döwletimiziň baş baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylarys — diýip, edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň ussasy, halypa gazçy G.Rejepow buýsançly aýdýar.

Etrapda hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, tebigy gazdan tygşytly peýdalanmak we täze emele gelýän hojalyklara gaz ölçeýji enjamlary ornaşdyrmak ugrunda hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek bolar. Munuň özi bagtyýarlyk döwrümiziň esasy talaplarynyň biridir.
 

Şeýle hem