Habarlaşmak
04.06.2025
Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
27.05.2025
halkara-ylmy-amaly-maslahat-gecirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, zehinli talyplary ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň, magistrleriniň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň, kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly bellenilen Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat — milli binagärligiň merjeni, ylym-bilimiň mesgeni» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergi hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin gyzyklandylar. Häzirki wagtda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Maslahatyň baş maksady ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmekden hem-de tejribe alyşmakdan ybarat.

Halkara ylmy-amaly maslahatda ABŞ-nyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Italiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, doktorantlary hem-de ylmy edaralarynyň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly alymlar öz halklarynyň binagärlik sungatynyň däp-dessurlary we aýratynlyklary, dünýä döwletlerinde işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman şäher gurluşygynyň innowasiýalary, täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalary barada gürrüň berdiler. Amatly şäher gurşawyny, tebigat gözelligi bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmek hem-de binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlary bilen baglanyşykly bolan maslahatlaşmalaryň dowamynda orta atylan meseleler uly gyzyklanma eýe boldy.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soňra onuň işi bölümlerde dowam etdirildi. Maslahatyň «Häzirki zaman binagärlik sungatynda milli nagyşlaryň orny» atly bölümi Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň kiçi mejlisler zalynda geçirildi. Bölümiň işine gatnaşan alymlar, professor-mugallymlar we ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy wezipeleriniň biri bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagyny gazanmakdan, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyp ýaşlarynyň arasynda ylmy pikir alyşmalary guramakdan, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakdan, ylma çekmekden, ylmy derejeli işgärleri taýýarlamakdan, önümçilik we ylmy-barlag, gözleg işlerinde ýüze çykýan derwaýys ylmy hem-de amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr.

Çeşme: Türkmenmetbugat

Şeýle hem