«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýatyň iň çetki günbatar etrabynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde, etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny düýpli abatlap, olary gyş möwsümine taýýarlamak işlerini hem guramaçylykly dowam edýärler.
Edaranyň işçi-hünärmenleri tarapyndan dürli basyşly gaz geçirijileriň 2 müň 450 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 670-den gowragyna ýokary derejede hyzmat edilýändigini bellemek bolar. Etrapda hereket edýän bitewi gaz ulgamy edaranyň gazçylary tarapyndan gije-gündiziň dowamynda gözegçilikde saklanylýar. Munuň özi etrapda bar bolan edara-kärhanalar bilen bir hatarda, 21 müň 700-e golaý hojalygyň ilatynyň howanyň sowuk döwri bolan gyş möwsüminde hem tebigy gazyň eşretli hözirini görmegine mümkinçilik berer.
Edaranyň halypa gazçylarynyň biri bolan ussa Geldimyrat Annaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň bejeriji slesarlary Seýitgeldi Ýerjanow, Hemra Paşşyýew we Sultanmyrat Babajanow dagynyň birleşen tagallalary netijesinde gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlar talabalaýyk gözden geçirilip, düýpli abatlanylýar. Bu işlerde gullugyň gaz bilen kebşirleýjisi Gurban Halmedow hem-de elektrik bilen kebşirleýji Atajan Çolanbaýew dagynyň şu günler Saparmyrat Türkmenbaşy şäherinde we etrabyň obalarynda gaz ulgamlarynyň zerur bolan ýerleriniň durkuny täzeläp, düýpli abatlamakda alyp barýan depginli işleri öwgä mynasypdyr. Bu ugurda edaranyň işçi-hünärmenleri tarapyndan etrabyň A.Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň «Garawulgala» obasynda gaz desgalaryny, Goşahowly geňeşliginiň «Arzuw» obasynda orta basyşly, göwrüminiň ululygy 273 millimetre barabar bolan gaz ulgamlaryny hem-de Gurbansoltan eje adyndaky geňeşliginiň «Kirşenoý» obasyndaky 159 millimetrlik pes basyşly gaz geçirijileri abatlamakda durmuşa geçirilýän işler bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuna mahsuslygy bilen tapawutlanýar.
Gaz ulgamlarynyň zerur bolan ýerleriniň durkuny täzelemek, öň bar bolanlaryny uly göwrümli gaz geçirijileri bilen çalşyp, geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly möhüm wezipeleri durmuşa geçirýän edaranyň gazçylary şu ýylyň başyndan bäri «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde ýurdumyzda hereket edýän Prezident maksatnamalaryna laýyklykda, täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmak ugrunda hem meýilnamalaýyn işleri utgaşykly alyp barýarlar.
Mälim bolşy ýaly, etrabyň käbir obalary medeni zolakdan uzakda ýerleşýär. Edaranyň hünärmenleri etrabyň çäginde bar bolan «Atgyrlan» düzlüginde ýerleşýän ilatly nokatlary hem-de «Gurbankem», «Gyşgum» we «Bötendag» ýaly obalaryň ilatyny suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmekde hem netijeli işleri alyp barýandyklaryny gürrüň berýärler.
Gaz hojalyk edarasyna tebigy gazy ulanyjylar tarapyndan gelýän sargytlardyr gaz enjamlarynda ýüze çykan näsazlyklary gyssagly düzetmek baradaky haýyşnamalaryň edaranyň näsazlygy habar beriş we hasaba alyş gullugynyň ussasy Şöhrat Taýjanowyň ýolbaşçylygynda dispetçerler Güýçmyrat Tuwakow we Akmyrat Aşyrbaýew dagy tarapyndan öz wagtynda hasaba alnyp, gysga möhletlerde düzedilýändigini aýratyn bellemek bolar.