«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynda indi biregne 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri zähmet çekip gelýän Myrat Mätjikow geçen döwürde müşderilere döwrebap hyzmat etmek bilen birlikde, nebit we nebit önümleri bilen işlemekligiň baý iş tejribesini toplady.
Häzirki döwürde kärhananyň köp gatnawly Gubadag — Amyderýa awtoulag ýolunyň ýakasynda, Abadanlyk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän 124-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekedinde göreldeli zähmet çekýän M.Mätjikow öz zähmet ýolunda taplanmagynda kärhananyň 30 ýyla golaý iş tejribeleri bolan Hudaýberdi Ballyýew, Atajan Amanow we Dursunbaý Nurjanow ýaly I derejeli halypa operatorlarynyň tagallalarynyň uly bolandygyny buýsanç bilen aýdýar.
— Kärhanamyzyň garamagynda awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap beketleriň 6-sy bolup, olar, esasan, köp gatnawly awtoulag ýollarynyň ýakasynda ýerleşýär. Gije-gündiz halkymyzyň hyzmatynda bolan şol beketler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap ýangyç guýujy kompýuter enjamlary bilen üpjün edilendir. Biziň 124-nji ýangyç guýujy bekedimiz Gubadag — Amyderýa we Gubadag — «Ak altyn» ulag ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, hyzmatymyzdan ýerli ilat bilen bir hatarda, bu ýoldan üstaşyr geçýän Amyderýa, Baýdak, Jeýhun hem-de Gökýaýla geňeşliginiň ýaşaýjylary hem ýüzugruna ulaglaryna ýokary hilli awtoulag ýangyjynyň dürli görnüşlerini guýup bilýärler. Bu ýere gelýän müşderilere ýokary derejede medeniýetli hyzmat etmek bagtyýarlyk döwrümiziň iň wajyp talaplarynyň biridir. Bekedimizde bile zähmet çekýän Aýnur Metenowa we Rüstem Seýidow ýaly ýaş işgärlerimize hem bu ugurda degerli maslahatlarymyzy, kömek-goldawlarymyzy berip gelýäris — diýip, halypa operator gündelik işleri barasynda gürrüň berýär.
Bekede ýolbaşçylyk edýän kärhananyň II derejeli uly operatory Merdan Karlyýew ýangyç guýujy beketlere dürli görnüşli nebit önümlerini öz wagtynda ýetirip durmakda ýöriteleşdirilen ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn nygtaýar.
Onuň gürrüňlerine görä, hormatly Prezidentimiziň Russiýa döwletinden satyn alyp beren «KAMAZ-65115» kysymly, ýük göterijiligi 10,5 tonna golaý bolan ýangyç daşaýjy döwrebap awtoulaglaryna erk edýän Otuzbaý Gurbanow, Baýram Babyşow, Nurmyrat Baýarow, Meýlis Arazow we Saparbaý Karaýew dagynyň birleşen tagallalary netijesinde kärhananyň ýangyç guýujy beketlerine dizel ýangyjynyň we awtoulag benzininiň A-95, A-92 hem-de A-80 görnüşleri her gün bökdençsiz ýetirilip durulýar.
— Myrat biziň göreldeli işgärlerimiziň biri. Ol islendik adamyň göwnünden turup, dilini tapyp bilýänleriň hilinden. Şol sebäpli onuň hyzmatyndan peýdalanýan sürüjiler bu ýerden hemişe hoşal bolup gidýärler — diýip, M.Karlyýew hoşallyk bilen aýdýar.