Habarlaşmak
02.07.2025
Garaşsyzlygyň beren bagty
03.11.2021
garassyzlygyn-beren-bagty

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň «Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!» atly bölüminiň ýangyç-energetika toplumyna, şol sanda nebitgaz pudagyna bagyşlanmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlarymyz üçin çäksiz sarpa bolup, nebitgazçylaryň Garaşsyz Diýarymyzyň ykdysadyýetine goşýan goşantlaryna berýän ullakan bahasynyň görkezijisidir.

Ylaýta-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly önümçilik kärhanasyna öwrülendigi, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, TNGIZT-niň öňünde hem belent wezipeleriň goýlandygy barada gürrüň gozgalmagy hormatly Prezidentimiziň kärhanamyzyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli orny hem-de onuň has-da uly geljegi baradaky ynamly garaýyşlarynyň beýany bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde düýpli döwrebaplaşdyrylan, täze kuwwatlyklar bilen üsti ýetirilen kärhanamyzyň dünýä möçberinde bäsdeşlige ukyply türkmen grafiti ýaly önümleriniň ýurdumyzyň daşarky bazardaky ornuny berkidýändigi barada hormatly Prezidentimiziň getiren maglumatlary hem Gahryman Arkadagymyzyň biziň alyp barýan il-halk bähbitli işimize berýän dykgatly ünsüniň we milli Liderimiziň bu işlere içgin dahyllylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Elbetde, ak nanyň desterhana öz-özünden gelmeýşi ýaly, nebitgaz we energetika önümleri hem öz-özünden önmeýär. «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlişi ýaly, «gara altynyň», «mawy ýangyjyň» ýeriň goýnunda ýatan gorlaryny taýýar eşrete öwrüp, sarp edijilere ýetirmek hazyna gözleýjileriň, burawçylaryň, çig maly gaýtadan işleýjileriň, daşaýjylaryň, energetikleriň, mahlasy, bu ulgamlara degişli ýüz müňlerçe işçileriň, hünärmenleriň we alymlaryň guramaçylykly, yzygiderli we dürs işini talap edýär. Onsoň hazyna gözleginde gyşyn-tomsyn çölleri söküp ýören geologlaryň, dolandyryş enjamlarynyň başynda gijesini gündiz edip oturan operatorlaryň, mahlasy, eşret arygy bolan nebitdir gaz, elektrik akymlarynyň dynuwsyz hereketini ýola goýup ýören zähmetkeşleriň il bähbitli mukaddes zähmetiniň ýurt Baştutanymyz tarapyndan şeýlekin gadyrlanyp, onuň dürdäne eserlerinde şöhlelendirilmegi biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak Şa serpaýydyr. Ýangyç-energetika toplumynyň buýsanç binalary bolan döwrebap, abadan desgalarynyň çöl-sähralardaky, deňiz ýalpaklygyndaky we kenarlardaky keşpleriniň, öndürýän önümleriniň ýokary hilli nusgalarynyň kitapda ýerleşdirilmegini zähmet çekýän pudagymyza sarpanyň, zähmetimize goýulýan hormat-sylagyň nyşany diýip düşünýäris.

Kitabyň bu bölüminde öňümizdäki ýyllarda ägirt uly energetiki baýlyklarymyzyň diňe halkymyzyň eşretine däl, eýsem, goňşy halklaryň we adamzadyň bähbidine maksadalaýyk hyzmat etmeginiň ýola goýuljakdygyndan, şeýlelikde, eziz Diýarymyzda we bütin dünýäde abadançylygyň, rysgal-berekediň we asuda durmuşyň höziriniň artjakdygyndan habar berýän maglumatlar hasam buýsandyryjy.

Aşyrgeldi Nazarow,
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň başlygy.

 

Şeýle hem