Habarlaşmak
07.07.2025
Ýokary hil — esasy görkeziji
05.03.2022
esasy

Eziz Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Şu belent wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu maksatnamada tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň tagallaly zähmetine baglydyr.

Ýurdumyzyň nebitgaz ýataklarynyň onlarçasynda netijeli iş alyp barýan bu konserniň düzümine nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýulary burawlamagy, uglewodorodlary turbageçirijiler arkaly gaýtadan işleýjilerdir sarp edijilere ibermegi, gaz gysyjy desgalary gurmagy, olaryň öňden hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän onlarça kärhana girýär. Konserniň Balkanabat şäherindäki Abatlaýyş-mehaniki zawody hem şolaryň iň ähmiýetlileriniň hatarynda tanalýar. Aslynda, konserniň kadaly işini Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň ýerine ýetirýän hyzmatlaryndan üzňe göz öňüne getirmek hem kyndyr. Bu kärhanada zähmet çekýänler iň bir jogapkärli hünärleriň otuza golaýyna başarjaň erk etmegiň hötdesinden gelýärler. Zawodyň tokarlarynyň, frezerleriniň, dürli usulda kebşirleýjileriniň, ýonujylardyr slesarlarynyň, dürli gurallardyr ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýjylarynyň, metallary hem-de erginleri guýujylarynyň, demirçi ussalarynyň, ýylmaýjylarynyň... ýerine ýetirýän işleriniň her biri ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýänligi bilen tapawutlanýar. Geologiýa gözleg işlerinde peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary abatlap, olara «ikinji ömri» bermek kärhananyň ussat hünärmenleriniň, inžener-tehniki işgärleriniň irginsiz alyp barýan işleriniň hataryna girýär.

Milli Liderimiziň yzygiderli aladalary netijesinde konserniň kärhanalarynda häzirki zaman dünýäsiniň kämil tehnikalarydyr tilsimatlary gurnalyp, işe girizilýär. Hut şu ýagdaýyň özi zawodyň işçilerinden, inžener-tehniki işgärlerinden hünär ussatlygyny gündelik artdyrmagy talap edýär. Zawodyň maddy-tehniki binýadynyň günsaýyn berkemegi, önümçiligiň döwrebap derejä göterilmegi nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň işleriniň netijeliligini üpjün edýär. Zawodyň bug-gazan sehindäki enjamlaryň sany elliden hem geçýär. Nebitgaz senagat we buraw enjamlaryny düýpli abatlaýyş sehinde 30-dan gowrak, mehaniki sehde 50-den gowrak, metal guýujy bölümde 20-ä golaý, rezin-mehaniki önümleriň bölüminde hem şonça dürli maksatly enjamlaryň jemlenilmegi bolsa zawodyň hyzmat ediş çygrynyň juda giňdigini aňladýar. Kärhanada zähmet çekýänleriň deň ýaryna golaýynyň ýaşlardygyny hem aýtmak gerek. Hut şu ýagdaýyň özi bu kärhanada halypalara juda uly sarpa goýulýandygyna güwä geçýär.

Nusgalyk işler bitirilýän ýerde, däp bolşy ýaly, oňat önümçilik görkezijilerine hem eýe bolunýar. Geçen önümçilik ýylynda kärhana boýunça abatlaýyş-mehaniki işlerini ýola goýmaklygyň tabşyryklaryna abraý bilen hötde gelnipdir. Zawodyň hünärmenleri gazanylan üstünlikleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem netijeli iş bilen berkitmegi başarýarlar. Bu ýerde müşderileriň sargytlary boýunça her aýda 735 müň manatlyk abatlaýyş-mehaniki işleri ýola goýmak baradaky meýilnamalar aýba-aý berjaý edilýär.

Şeýle hem