Habarlaşmak
02.07.2025
Burawlaýjylaryň ýakyn hemaýatkärleri
30.11.2021
burawlayjylaryn-yakyn-hemayatkaerleri

«Türkmennebit» DK-nyň «Burnebitgazhyzmat» müdirligi şu ýylyň başyndan bäri «Nebitdag», «Goturdepe», «Körpeje» we «Ekerem» buraw işleri müdirlikleri boýunça müňlerçe metre barabar dag jynslarynyň gazylyp, nebitgazly guýularyň onlarçasynyň senagat taýdan özleşdirilip başlanmagyna aýgytly täsirini ýetirdi. Aslynda, konserniň düzümindäki bu buraw işleri müdirliklerini gazuw, oturtma hem-de ulanyş turbalary bilen öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmek şu kärhananyň hünärmenleriniň çekýän netijeli zähmetine baglydyr. Hemmetaraplaýyn gözden geçirilip, taýýarlanylan turbalary gazuw işleri alnyp barylýan meýdançalara öz wagtynda ýetirmekde, ýükläp düşürmekde zerur bolan tehnikalar bilen doly üpjün edilen müdirlikde işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk alnyp barylýar. Munuň üçin kärhanadaky 12,5 tonnalyk göterijiligi bolan köpri-kranlar netijeli peýdalanylýar.

Konserniň degişli müdirliklerinde nebit we gaz çykarmak baradaky meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi üçin ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini hemişe ýokary derejede saklamak we olary toplumlaýyn alyp barmak, guýulary burawlamak we olaryň gurluşygyna sarp edilýän möhleti azaltmak üçin zerur çäreleri üpjün etmek, turbalaryň ulanylyşynyň netijeli bolmagyna gözegçiligi pugta ýola goýmak, oturtma we buraw turbalaryny iň az zähmet hem-de maddy çykdajylar bilen ulanmaga taýýarlamak ýaly möhüm işler hem hut şu müdirligiň hünärmenleriniň paýyna düşýär.

— Kärhanamyzyň bölümlerinde burawda ulanylan oturtma turbalara gaýtadan «jan» bermekde hem üstünlikli işler ýola goýulýar. O1 turbalar gaýtadan göneldilip, hyrlanyp, burawlaýjylara ugradylýar. Bizde bar bolan ýörite enjamlar burawlaýjylara ugradylýan turbalaryň abatlygyny, basyşa çydamlylygyny doly anyklamaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe müdirligimiz tarapyndan doly gözden geçirilip, önümçilige ugradylan turbalaryň umumy uzynlygy 50 müň metrden hem geçýär. Olaryň 40 müň metre barabary gaýtadan dikeldilen, 14 müň metre golaýy bolsa täze gelip gowşan turbalardyr. Işleri ýokary hil derejesinde ýola goýmakda ussa Gylyçmämmet Taganow, gözegçiler Garýagdy Mämiýew, Lýudmila Kakajanowa, Merjen Guljagazowa ýaly işgärlerimiz has-da tagallaly zähmet çekýärler — diýip, müdirligiň Oturdylýan we buraw turbalarynyň tehniki gözegçilik gullugynyň uly ussasy Nursoltan Şyhyýewa gürrüň berýär.

Şeýle hem