Habarlaşmak
07.07.2025
TNGIZT-niň Tehniki okuw merkezinde okuw işleri boýunça geçirilýän çäreler barada maglumat
10.12.2020
asyrguel-mugallym

TNGIZT-niň Tehniki okuw merkezinde okuwlar ýörite tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda talabalaýyk alnyp barylýar. Okuw meýilnamasy her üç okuw ýylyndan, eger-de zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda täze okuw ýyly üçin täzeden işlenilip düzülýär.

TNGIZT-niň Tehniki hünär merkezinde 1,5 ýyllyk “Buhgalterçilik işi”, 10 aýlyk “Himiki derňewiň laboranty”, “Nebiti gaýtadan işlemegiň operatory”, “Haryt operatory”, “Aragatnaşygyň operatory”, “Elektromontýor”, “Resminama dolanyşygy,informasiýa we guramaçylyk işi”, “Gözegçilik- ölçeg enjamlary we awtomatika” ýaly hünärler boýunça okadylýar.

2019-2020-nji okuw ýylynda ýylyň 1,5 ýyllyk we 10 aýlyk hünär taýýarlaýyş okuwlaryny “Buhgalterçilik işi”, “Himiki derňewiň laboranty”, “Nebiti gaýtadan işlemegiň operatory”, “Haryt operatory” hünärleri boýunça 296 talyp tamamlady.Gysga möhletli hünär taýýarlaýyş okuwlaryny we hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça bolsa 1172 diňleýji tamamlady.

 

Tehniki okuw merkezi dürlli edara kärhanalar bilen hem ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Gyýanlydaky polimer zawody, Halkara deňiz porty, “Petronas Çarigali Türkmenistan Sdh.Bhd”, “Dragon Oil (Türkmenistan Лтд)”, “ХО Петро Газ Азия”, “BKLŞF”,

“Ýagty ösüş” ýaly kompaniýalar, harby bölümleriň esgerleri we işgärleri üçin gerekli hünärmenleri taýýarlaýar we işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, kämilleşdirmek we gaýtadan taýýarlamak üçin hem gerekli okuwlary guraýar.

“Gazançy”, “Elektrik we gaz bilen kebşirleýji”, “Ýük ýüklemekde we düşürmekde berkidiji-daňyjy”, Aşpez, “Kompýuter sowatlylygy, “Gurluşyk gurnama işleri boýunça slesar”,”Awtoýükleýjiniň maşinisti”, “Awtomobil kranyň maşinisti”, “Zynjyrly we tigirli kranyň maşinisti” ýaly hünärler boýunça hünär taýýarlygy gysga möhletli okuwlar , şeýle hem edara kärhanalaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak,kämilleşdirmek we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlar geçirilýär .

Tehniki okuw merkezinde göreldeli sapaklar we terbiýeçilik çäreleri hem guralýar. “Marketing” dersinden “Mahabat-reklama” , “Maliýe menejmenti” dersinden “Maliýe menejeriniň mikro derejede innowasion syýasaty”, “Buhgalterçilik hasaby” dersinden “Pul serişdeleriniň hasaby we pul serişdeleriniň hojalyk amallarynyň hasaba alnyşy “Umumy himiýa” dersinden “Suw. Suwuň düzümi we häsiýeti”, “Organiki himiýa” dersinden “Uglewodlar”, “Enjamlar” dersinden “Barlamhanada gerekli enjamlar we kömekçi gurallar” “Mikrobiologiýa ” dersinden “Iýmit önümleriniň mikroflorasy”, “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti dersinden” “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany”, “Ýörite tehnologiýa dersinden ”Tehnologiki reglament. Tehniki howpsuzlyk çäreleri geçirilende gurnama we arassaçylyk işleriniň geçirilişi.” diýen temalardan göreldeli sapaklar geçirildi.

Hünärleri mahabatlandyrmak we raýatlary okuwa çekmek üçin her okuw ýylynyň aprel-maý aýlarynda mekdep okuwçylarynyň, edara kärhanalaryň, harby bölümleriň esgerleriniň arasynda wagyz etmek çäreleri geçirilýär we şol edaralaryň we jemgyýetçilik guramalaryň, ata-eneleriň, gatnaşmaklarynda “Açyk gapylar ” günleri geçirilýär.Onda mugallymlaryň sapaklaryndan pursatlar,tejribe işleri,talyplaryň çykyşlary,okuw –terbiýeçilik işleriniň geçirilişi baradaky wideorolikler,sergiler guralýar.


 

Taýýarlan:

Direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary : A.Abaýewa

Şeýle hem