Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kärhanalary sanly ulgamyň tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäre häzirki günlerde-de dowam etdirilýär we kämilleşdirilýär. Täze burawlanylýan nebit we gaz guýulary, şeýle hem ozaldan işledilip gelinýänleri kompýuterleşdirilýär. Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalar arkaly guýularyň önüm ýygnanýan dürli gatlaklaryna gözegçilik edilýär.
Hünärmenler nebit guýularyny burawlamagyň we önüm almagyň usullarynyň Hazarýaka sebitiniň öz aýratynlyklarynyň bardygyny belleýärler we bu ugurda degişli işleri alyp barýarlar. Deňiziň kenarýaka zolagyna ýakyn ýerleriň relýefiniň milli we döwlet maksatnamalarynyň esasynda özgerdilmegi guýulary gazmagyň usulyýetine düzedişleri girizmegi talap etdi. Şuňa laýyklykda, häzirki döwürde guýular gapdallaýyn usulda gazylýar we ýokary önüm alynýar.
Şu usulda sanly serişdeler we innowasion tehnologiýalar bilen çuňluklaryň geologik gurluşynyň we önüm toplanýan gatlaklarynyň ýagdaýyny öwrenmek, bäş müň metr çuňlukdan gije-gündiziň dowamynda alynjak önümiň çaklamalaryny hasaplamak mümkinçiligine eýe bolundy. Burawlaýjy hünärmenleriň belleýişleri ýaly, tutuş guýynyň çuňlugy, belli ölçeg aralygyndaky gatlaklaryň maglumatlary kompýuteriň kömegi bilen kesgitlenilýär. Meýilleşdirilen çuňluklara ýetilende, onuň geologik gurluşy barada maglumat toplanylýar. Şunda gyzyl reňkli çökündileriň toplanan çuňlugynda önümleriň möçberi hasaplanylýar. Şu esasda buraw işlerini dowam etdirmelimi ýa-da gözlegleriň çägini üýtgetmelimi diýen ýaly soraglara jogap gözlenilýär.
Demirgazyk Goturdepe, Akpatlawuk we beýleki nebitli ýataklarda hem guýulary gapdallaýyn gazmak usuly ulanylýar.
Kenarýaka zolagy gury ýeriň deňze ýakynlaşýan çägini we ýalpak suwly bölekleri öz içine alýar. Nebitgazly zolaklara Gögerendag—Ekerem sebitine ugurdaş kenarýaka çäkleri degişlidir. Onlarça kilometre dowam edýän bu çäkde dürli çökündili gatlaklar ulgamy çuňluklara uzaýar.
Sanly ykdysadyýetiň maglumat çeşmelerinde Hazarýaka çöketliginde täze açyşlaryň tejribeleri innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen çuňluklarda ýatýan gatlaklarda örän uly uglewodorod serişdeleriniň toplanýandygyny hünärmenler belleýärler.