Uglewodorodlary özleşdirmek şertlerinde daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak, şol sanda Derwezedäki gaz krateri boýunça mümkin bolan çözgütler 23-nji iýunda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçiriljek Halkara ylmy maslahatyň gün tertibine girer.
Forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri «GaffneyCline» brtitan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» bilen hyzmatdaşlykda çykyş eder.
Guramaçylaryň saýtyna bellenilişi ýaly, bu ylmy maslahat zyňyndylaryň atmosfera düşmegini çäklendirmek we ýaşyl energetika tehnologiýalary boýunça barlaglaryň netijeleri we energetika ulgamynda tejribe alyşmak üçin öňdebaryjy bilermenleri, barlagçylary we hünärmenleri bir ýerde jemlemek maksady bilen geçirilýär.
Forumyň barşynda uglewodorodlary öndürmekde we ugurdaş gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar, täze eýýamyň energetika taslamalary, «Derweze» gaz krateriboýunça mümkin bolan çözgütler, halkara tejribe we başlangyçlar, Türkmenistanyň energetika toplumyna elýeterli tehniki goldawyň bar bolan ulgamlary we ekologiki hem-de klimatiki maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri ýaly meseleler maslahatlaşylar.
Garaşylmagyna görä, maslahatyň işine Türkmenistanyň energetika pudagynyň, şeýle hem döwlet guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem-de öňdebaryjy halkara guramalarynyňň, iri maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşar.
Däp bolan forumdan başga-da Zoom Professional platformasynda onlaýn görkeziliş guralar.
Has jikme-jik maglumatlary şu saýtdan alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com.