Habarlaşmak
12.07.2025
Ýangyç-energetika toplumynyň harytlary birža söwdalarynyň öň hatarynda boldy
24.01.2023
Ýangyç-energetika toplumynyň harytlary birža söwdalarynyň öň hatarynda boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdede 13 sany geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ЕСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Owganystanly telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Bulardan başga-da daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçilerine tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 49 million 582 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkmenistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, bahasy 103 million 620 müň manatdan gowrak bolan nebit koksuny satyn aldylar.

Şeýle hem